Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Ata Watanymyzda bellenilýän her bir şanly sene, baýramçylyk il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup dabaralanýar. Ýöne her ýylyň 27-nji sentýabrynda dünýä ýaň salýan dabaralar bilen bellenip geçilýän Garaşsyzlyk baýramynyň gadyr-gymmaty, toý gerimi has-da tapawutlanýar. Sebäbi Garaşsyzlyk ýurdumyzy gurşap alan ähli ajaýyplyklaryň, ösüş-özgertmeleriň, umuman, Diýarymyzyň toý-baýramlara beslenmeginiň gözbaşynda duran mukaddeslikdir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen taryhyň sahypalarynda aýratyn orun eýelär. Şol 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bedew badyndaky ösüşleri gazanmagynyň üstümizdäki ýylyň şygarynda mynasyp orun almagy, elbetde, kalbymyzy egsilmez buýsanja besleýär.
Berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagynda, jemgyýetimizde agzybirligiň, jebisligiň has-da pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 15-nji iýulda geçirilen mejlisinde kabul edilen karar esasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriler.
Möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolan umumymilli foruma taýýarlyk işleri deňizýaka şäherimizde hem işjeň häsiýete eýe bolup, ýörite meýilnamalar esasynda wagyz-nesihat çäreleri alnyp barylýar. Şol çärelerde raýatlarymyzyň baky bagtyýarlygy peşgeş beren Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýandyklaryny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.
Gülşat Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
13.08.2026 ý