«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 35 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde döwletimiz ýokary derejede ösdi, özgerdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ýurdumyz bedew bady bilen barha öňe barýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, zawod-fabrikleriň we kärhanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bilen täze iş orunlary döredilýär. Bagtyýar halkymyz bolsa eşretli durmuşyň hözirini görüp, abadan durmuşda ýaşaýar.
Türkmençilikde «Maslahatly il myrada ýeter», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimlerden ugur alyp, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Ýurduň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilipdir. Munuň özi döwleti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, akyldarlaryň pähim-paýhasyna, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň taryhyň synagyndan geçen tejribesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi hem-de jemgyýeti dolandyrmagyň täze milli nusgasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň mejlisine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan düzülen wekiller, il sylagly ýaşulular, eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşýar.
Halkymyzyň bu döwletlilik ýörelgeleri häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk döwründe, şol sanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bitirilen işler, ýetilen sepgitler barada uly buýsanç bilen aýtdy. Şeýle hem bu gazanylan üstünlikleriň, ilki bilen, halkymyzyň agzybirlikde çeken halal zähmetine daýanýandygyny nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň netijeleri jemlener. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenip, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tabşyryklary esasynda welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen umumymilli foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Watanymyzyň rowaçlygy, döwletimiziň gülläp ösüşi üçin öňümizde goýlan möhüm wezipelere ýetmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şu jähetden, Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işleri, ýetilen belent sepgitleri, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan taryhy işiniň ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmekde welaýatymyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman zähmet çeker. Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
18.08.2026 ý