Ýakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakanyň şaýady bolduk. Pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerip, halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşnamalaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesini berip, bu şäheri “Arkadag” diýip atlandyrmak barada karar kabul etdi. Bu şatlykly habar welaýatymyzyň ilatynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.
Berkarar döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap şäherleri, şäherçeleri, obalary gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitli hemmetaraplaýyn gyradeň ösdürmekde, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň raýatlarynyň köňüllerinde mizemez türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpa, çäksiz guwanç, buýsanç duýgulary ýaňlanýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Arkadag” şäheri diýip atlandyrmak halkymyzyň köňül kelamydyr, göwün islegidir.
Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, bilim edaralaryna, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bu asylly däbiň Arkadag şäherinde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary mynasyp atlandyrmak babatda-da dowam etdirilmegi guwandyrýar. Ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge uly goşant goşan şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan Çagalar sagaldyş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy we “Arkadag Binasy” diýip atlandyrylmagy halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda Arkadag şäherinde gurulýan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis Aba Annaýewiň, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, watançy, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine beýik sungat ussady, mukamçy-kompozitor, Ahal bagşyçylyk ýoluny esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy, milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy asylly däpleriň mynasyp dowamydyr. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşlerine uly goşant goşan şahsyýetlerimize belent sarpanyň nyşanydyr.
Şu buýsandyryjy pursatlarda Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, umumyadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Kakageldi Gurbanow. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
29.12.2022 ý