Dabaraly maslahat

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Arkadagyň ak ýoly röwşen geljege uzaýar» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan maslahat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisine aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan gymmatly kitaplary öz içine alan sergi uly gyzyklanma döretdi.

Maslahata ýygnananlar ildeşlerimiz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyň ýyllary içinde geçen şöhratly ýoly, gysga taryhy döwürde gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri dogrusynda söhbet etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle-de ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bilen bagly gürrüňe çykyşlarda uly orun berildi.

Bagtyýar ildeşlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halk köpçüligini Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge giňden çekmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, şeýle-de ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ornunyň uludygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar dabaraly maslahata özboluşly ruhubelentlik çaýdy. Beýik döwrümiziň joşgunly waspy bolup, kalplara ornan sungat çykyşlary ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

Aýdym-sazly maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Meýlis Hekimow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

20.08.2026 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -