Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli guralýan wagyz-nesihat çäreleri hem işjeň häsiýete eýe bolýar.
Ata-babalarymyz bir işiň başyny tutsa, hemişe il-gün bilen geňeşipdirler. Pederlerimizden miras galan bu däp asyrlarboýy dowam edip gelýär. Ýakyn günlerde, has takygy, 23-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda ýylyň dowamynda gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň ediler, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli Kararlar kabul ediler, täze-täze özgertmelere badalga berler. Bu taryhy ähmiýetli forum döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny beýan etmek bilen, döwletimiziň gadymy demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrar.
Watanymyzyň asuda bolmagy, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, ýurdumyzyň barha ösmegi üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine üstünlik we şowlulyk arzuw edýäris.
Azat Atamyradow, TDEI-niň maglumatlar we okatmak üçin tehniki serişdeler bölüminiň başlygy, TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
20.08.2026 ý