Keremli daglaryň gudraty

Ynsan eli degmezden, tebigatyň öz gudraty bilen dörän, aňyňda haýran galmakdan başga-da, müň sowaly döredip bilýän ajaýyp täsinlikler bar. Şolaryň biri-de, Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän «Köw-ata» ýerasty kölüdir.

«Köw-ata» ýerasty kölüniň daş-töwereginiň adamsyz wagtyna duşmak kyn. Sebäbi bu täsin köli öz gözleri bilen görmek üçin ýa-da onuň derde derman suwundan şypa isläp gelýänleriň yzy üzülenok. Olaryň arasynda çet ýurtly syýahatçylaryň hem bolmagy bu kölüň at-owazasynyň giň jahana ýaýrandygyndan habar berýär.

Dynç alyş güni dagy bu ýeriniň märekesi hasam ýetik. Hatda golaý-goltumdaky obalarda tutulýan toýlaryň gelnalyjylary-da bu keramatly ýere sowlup geçýän eken. «Köw-atany» synlamaga gelen bäherdenli Salyhmuhammet mugallym «Köw-ata» hakynda halk arasynda dürli rowaýatlaryň bardygyny aýdyp, gürrüňe başlady:

«Ir zamanlarda bu töwerekde dokuz-on öýli oba bolupdyr. Obanyň töwereginde injir agajy gaty köp bolansoň, «Injirewe» diýer ekenler. Ol ýerler häli-häzirlerem şeýle atlandyrylýar. «Injirewe» adynyň injir oba, ýagny injirli oba sözünden galan bolmagam gaty ahmal. Käbir sebäplere görä injireweliler gum etegine göçüp, şol ýerde hemişelik mekan tutunypdyrlar. Obanyň ilaty ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanar ekenler. Olaryň arasynda elguşdur tazy saklap, awçylyk bilen gyzyklanýanlaram bolupdyr.

Şol obanyň rysgally adamlarynyň biri goňşy obadan Hesel atly gyzy gelin edinipdir. Hesel biri ogul, beýlekisi gyz bolup dünýä inen ekizleriň taýy bolup, olaryň beýlekisine Esen diýler eken. Hesel görmegeýden edepli, eli işli zenan bolupdyr. Ýaşlygyna garamazdan, hojalygyň ähli işlerini başarýan gelin sygyrdyr düýe sagmaga-da, olardan dürli süýt önümlerini taýýarlamaga-da, içerini päkize saklamaga-da, biş-düş etmäge-de ýetişer eken. Heseliň gelin bolup gelmegi bilen baýyň öňki rysgalyna ýene rysgal goşulyp, baýlygy hasam artyp barýarmyşyn.

Günleriň birinde Heseliň ata-enesi yzly-yzyna dünýäden ötüp, Esen ýetim galyberýär. Heniz öýli-işikli edilmedik Eseniň ýeke özi galansoň, Hesel öz taýynyň ýagdaýyna gynanyp, sussupes halda gezýär. Gaýynatasy: «Heseli gelin edinenimizden soň rysgalymyz hasam açyldy. Gel, munuň ekiz taýyna-da özüm hossarlyk edeýin» diýip, ene-atasynyň aşy-suwy sowlansoň, ýigdekçäni öz öýlerine göçürip alyp gelýär. Baýyň gapysynda palçykdan bir kepbesi bolup, içinde goş-golamlaryny saklar eken. Esene şol kepbäni arassala-da içinde boluber diýýärler. Ýigdekçe kepbäni arassalap, gijelerine şol kepbede ýatar eken. Gündizlerine bolsa edil ekiz taýy ýaly işe gaýym ýigit baýyň buýurýan ýumuşlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer eken. Baý bu oglanyň janypkeşligini görüp, oňa hossar çykanyna ökünmändir.

Günleriň yzly-yzyna kerwen gurap geçip durmagy bilen, ahyryn güýz düşüp, howa gijelerine sowap ugraýar. Baýyň gowy görýän tazysy bar eken. Ol tazysyny üşemesin diýip, gijelerine Eseniň bolýan kepbesiniň bir çüňkünde ýatyrýan eken. Wagtyň geçmegi bilen Eseniň endam-jany ýaralap başlaýar. Gijilewükli ýara onuň tutuş endamyna ýaýrapdyr. Oňa her hili däri-derman etseler-de hiç haýry degmändir.

Derdine em tapylmadyk Esen ruhdan düşüp, bu obany terk etmegi ýüregine düwüpdir. Bir gün Esen uýasynyň ýanyna baryp, niýetini oňa aýan edipdir. Doganynyň çürt-kesik netijä gelenini aňan Hesel aglap-eňräp, ep-esli gowurdak bilen bir tamdyr çörek salnan horjuny eline berip, ony ýola salypdyr.

Esen keremli daglardan haraý isläp, onuň goýnunda mekan tutunýar. Ol ýöräp-ýöräp ahyry bir çuň gowagyň üstünden barýar. Gowagyň içinden ýyly howa urup duranmyş. Esen gowaga giripdir. Kem-kemden garaňky gowaga gözleri öwrenişip, ol gitdigiçe aşak düşüpdir. Aşak düşdügiçe-de gowagyň howasy maýlaýamyş. Barha aşak düşüp barýan Eseniň gözleri birdenkä ýaýylyp ýatan köle düşýär. Dup-duruja mylaýym suw onuň janyna ýarapdyr. Ol kölüň suwundan ýuwnup, egin-eşiklerini-de ýuwup, daşlaryň üstüne serýär. Ýadaw ýigit ýuwunyp-ardynandan soň, biraz jany aram tapyp, meýmiräp başlaýar-da, bir daşy ýassanyp uka gidýär. Oglan oýanansoň görse, endamyndaky ýaralar soluşyp, agyrylary kemelipdir. Ol munuň hikmetiniň kölüň suwundadygyna düşünip, gaýta-gaýta suwa giripdir. Birki günüň içinde doly gutulan ýigidiň endamynda öňki ýaralardan nam-nyşan galmandyr.

Eseniň derdinden saplanyp, sag-aman dolanyp gelenine Hesel bilen bile bütin oba begenipdir. Obanyň baýy ýigide abraýly ýerden guda bolup, toýuny uludan tutupdyr. Oňa özbaşyna ak öý gurup berip, edil ogullarynyň biri ýaly görüpdir».

Salyhmuhammet mugallym rowaýatyny jemläp: «Köw-ata hakynda başga-da rowaýatlar kändir. Olaryň hemmesinde-de bu kölüň suwunyň dermanlyk häsiýetleri barada gürrüň edilýär» diýdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň medeni-taryhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga, öwrenmäge we geljekki nesillere ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olary dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle asylly işleri üçin halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarynyň çägi ýok. 

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Watan" gazeti

25.08.2026 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -