Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi barha golaýlaşýar. Bu şöhratly menzil türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylan beýik özgertmeleriň, ýetilen belent sepgitleriň aýdyň beýany bolup durýar. Munuň guwandyryjy, buýsandyryjy subutnamalaryny biz her ädimde görýäris. Sebäbi bu geçilen taryhy menziliň dowamynda köpugurly hem-de uzakmöhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan düýpli özgertmeler ýurduň ilatynyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirildi. Şunlukda, bu giň gerimli taryhy özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini tassyklamak bilen, halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş berdi, röwşen geljegimize bolan mizemez ynamyň binýadyny öňküdenem pugtalandyrdy.
Beýik Garaşsyzlygyň şöhratly menzilleri mähriban Watanymyzy asudalygyň, ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň dabaralanýan mekany hökmünde dünýä tanatdy. Sebäbi bu döwür içinde sahawatly türkmen topragynda halkara derejeli taryhy taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan beýik tutumlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, döwletimiziň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle-de dünýä döwletleri we halklary bilen medeni-ynsanperwer, syýasy, söwda-ykdysady, dost-doganlyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da berkidildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň giň gerimli, ägirt uly mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanmak arkaly amala aşyrylan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere beslenýän şeýle özgertmeler ata Watanymyzyň şan-şöhratyny jümle-jahana ýaýýar. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde güneşli Diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, agzybirligi, jebisligi, asudalygy berkitmekde, milli demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, ýurduň ilatynyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde nusgalyk sepgitlere ýetilendigini görkezýär. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çuňňur many-mazmunydyr, öňde goýýan esasy maksatlarydyr.
Ýurt berkararlygymyzyň şunuň ýaly çuňňur mazmunyny taryhy tutumlary bilen açyp görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, bagtyýar şu günümiziň, nurana geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri mydama üstünliklere beslensin!
Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri
"Balkan" welaýat gazeti
27.08.2026 ý