Sebitleýin hyzmatdaşlyk: bitewi tagallalar, täze meýiller

Garaşsyz döwletleriň dünýä kartasynda orun almagy bilen, halkara, sebitleýin, döwletara gatnaşyklarda täzeçillik güýçlendi, hyzmatdaşlyk yzygiderli ösüp başlady. Geosyýasy, geoykdysady giňişlikde döwletleriň ösüş ýollary, ählumumy herekete goşulyşmagynyň özboluşly many-mazmuny, maksatlary barha aýdyňlaşdy. Biziň sebitimizde, taryhy topraklarda durmuşyň döwre görä galkynmagy dünýä ösüşiniň täze meýillerini döretdi.

Merkezi Aziýa sebitinde özgerişler ilkibaşda öz akymyna, kem-kemden dowam eden bolsa, Garaşsyzlygyny gazanan döwletleriň ösüş binýatlarynyň berkemegi, dünýä ösüşine goşulyşmagyň geriminiň giňelip, has çuňlaşmagy bilen hem-de birnäçe sebitlerde döwletara gatnaşyklaryň çylşyrymlaşmagy, gapma-garşylyklaryň artmagy netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze çemeleşmelerini gözlemek zerurlygy döredi. Şunda sebitleýin gatnaşyklara aýratyn üns bermekde öňe sürülýän başlangyçlaryň örän ýerliklidigi, zerurdygy wagt geçdigiçe has aýdyň häsiýete eýe boldy.

Tutuş sebitimizde syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegiň, ylalaşykly hereket etmegiň örän möhüm şert bolup durýandygy äşgär hakykat. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy has aýdyň görkezdi. Gatnaşygyň bu görnüşiniň diňe ösüş, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyna garamazdan, onuň gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ilerletmekdäki ornunyň gysga döwürde ýokary derejä çykandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Azerbaýjan döwletiniň hem doly hukukly agza hökmünde gatnaşmagy Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň dünýäniň täze şertlerdäki gatnaşyklaryna düýpli täsir edýär. Şunda birnäçe ýagdaýlary belläp geçmek bolar. Ilki bilen, bu ýurtlarda döwletliligiň nusgawy gurluşynyň pugtalygy, milli jemgyýetlerimiziň binýatlarynyň kämildigi, ösüşlere ukyplydygy aýdyňdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli demokratik institutlaryň, raýat jemgyýetiniň döwrüň talaplaryna laýyk we milli esasda berk binýatlarynyň kemala getirilmegi çylşyrymly halkara gatnaşyklaryň ýeňil bolmadyk häzirki şertlerinde biziň ýurtlarymyza öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Ösüşlere ukyplylygyň ýene bir esasy şerti ýurtlarymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň örän ýokarydygy bilen baglydyr. Bu sebitde tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlary jemlenendir. Nebit-gazdan başga-da, gymmatly magdanlaryň, gurluşyk çig mallarynyň, gazylyp alynýan beýleki seýrek we gymmatly serişdeleriň ýeterlik bolmagy sebit ýurtlaryna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny giňden çekmäge, halkara derejeli ykdysady önümçilik düzümlerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Goşulyşmagy güýçlendirmäge uly ýollary açýan ýene bir artykmaçlyk dilleriň ýakynlygy hem-de medeniýetleriň umumylygydyr. Halklarymyzyň aň-düşünjesine ornaşan umumylyklar, aýry-aýry döwletlerdiklerine garamazdan, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça olaryň çalt düşünişmegini, ylalaşykly hereket etmegini ýeňilleşdirýär. Bu bolsa ösüşleri çaltlandyrmagy şertlendirýär. Ulag-logistika babatda mümkinçilikleriň artmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň dünýä ösüşindäki ornuny öň hatarlara çykarýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen konsultatiw duşuşygynda biziň ýurtlarymyzyň bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýändigini, munuň bolsa yklymara we ählumumy işlerde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, pugtalandyrylmagyny, maksatlaryň oýlanyşykly, takyk esaslandyrylmagyny, olara ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň, artykmaçlyklaryň ulanylmagyny göz öňünde tutmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem: «Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar» diýip belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilik bilen öňe süren bu başlangyçlarynyň häzirki wagtda anyk iş ýüzüne geçýändigini görmek bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hyzmatdaşlygyň möhüm guralyna öwrülmeginde Türkmenistanyň uly ornunyň bardygy barada Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylda Täjigistanda geçirilen sammitde şeýle belledi: «Taryhyň sahypalaryna nazar aýlasak, bu duşuşygyň binýadynyň ilkibaşda Aşgabatda goýlandygyny anyk aýdyp bilerin. Biz ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly umumy ýörelgelerimizden ugur alyp, bu teklibi ilkinji gezek Daşkentde beýan etdik. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda geçdi. Soňra bu duşuşygy biz Özbegistanda geçirdik. Duşuşyklaryň gün tertibi barha giňedi, biz olara köp meseleleri girizdik».

Milli Liderimiz umumy bähbitlere tarap, ylalaşykly, ynamly hereket etmekde konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy döwlet Baştutanlaryny ähli babatda ynsanperwer taglymlaryň birleşdirýändigini aýratyn belläp geçýär. Öz halklarynyň howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşlerini üpjün etmek sebit döwletleriniň alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň baş ugruna, esasy maksadyna öwrülýär. Şunda döwlet Baştutanlarynyň özara düşünişmegi, birek-biregi goldamagy, biziň halklarymyzyň her bir ýurduň gazanýan üstünliklerine deň derejede buýsanmagy doganlyk halklaryň ruhy durmuşyna, gatnaşyklaryna örän uly täsir edip, asuda, agzybir, dostlukly geljege ynamy has-da berkidýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinde medeni-ruhy gatnaşyklara aýratyn orun berilmegi döwletara, sebitleýin, halkara hyzmatdaşlygyň has ynsanperwer, oňyn tejribeleriniň kemala gelmegine, halklaryň, jemgyýetleriň has ýakynlaşmagyna, ynanyşmagyň ýokarlanmagyna ýol açdy. Munuň özi syýasy, diplomatik, ykdysady hyzmatdaşlygyň mizemez binýady bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryň halklarda geljege ynam döredýän täze bir ugruna öwrüldi. Şol bir wagtda munuň özi ösen maglumat tehnologiýalary eýýamynda milli özboluşlylygy, halklaryň baý medeni-taryhy mirasyny gorap saklamaga, ösdürmäge, jemgyýetçilik durmuşynyň esasyna öwürmäge mümkinçilik berýär, ýaş nesillerde milli buýsanjy ösdürýär, garaşsyz döwletli, özboluşly medeniýetli, ösmäge ukyply millet derejesine ýetmegiň ägirt uly mertebedigine akyl ýetirmek ýaly mukaddes duýgyny terbiýeleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda yzygiderli guralýan Medeniýet günlerinde, sungat festiwallarynda, edebi-döredijilik duşuşyklarynda we beýleki medeni çärelerde her bir halkyň örän baý milli gymmatlyklarynyň bardygyna, şol maddy, medeni, edebi, ruhy mirasyň asyrlarboýy saklanyp, goralyp gelnendigine göz ýetirmek bilen, biziň halklarymyzyň çuňňur paýhasyna, döredijilik ukybyna, öz milli durmuş ýollaryna örän wepalydyklaryna düşünmek bolýar. Dürli güllerden boglan ajaýyp çemen ýaly, şol dürli-dürli baý medeniýetler arkaly biziň halklarymyzyň ruhy, geljek hakdaky arzuwlary, daşarky dünýä çykýan ýollary birleşýär. Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklarynyň bir ýerde pasyrdap, döwlet Baştutanlarymyzyň bir ýere jemlenmegi indi täze-täze maksatlara, halklarymyz üçin haýyrly işlere ýol açylýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigi bütin dünýäde barha äşgär bolýar. Şonuň üçin hem biziň sebitimiz alys-ýakyn döwletleriň ünsüni özüne çekýär, hyzmatdaşlyk üçin ynamdar giňişlige öwrülýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň dünýä giňişliginde özleriniň döwlet syýasatlary, ösüş maksatnamalary, möhüm başlangyçlary bilen barha ynamly hereket edýändikleri, öz orunlaryny berkidýändikleri, adamzat jemgyýetiniň sazlaşykly, asuda geljegi ugrundaky ählumumy tagallalarda öz täsirlerini artdyrýandyklary hem bellidir. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bu sebitde kuwwatly döwletleriň, çalt ösýän milli jemgyýetleriň berkarar bolýandygyny aýdyň görkezýär, ol halklaryň bähbitleri ugrunda bilelikde hereket etmegiň täze guraly hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeňligini yzygiderli artdyrýar. Şunda Türkmenistanyň başlangyçlary geljekki ösüşleri kepillendirýän, hemmeleriň bähbitlerini ykrar edýän möhüm maksatlar hökmünde öňe çykýar. Şu ýylyň 31-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz geljegiň maksatlary hökmünde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şol başlangyçlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýakyn günlerde Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine girizilendir. Ol maksatlaryň hatarynda möhüm sebit, halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy, diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň, Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak babatda bilelikdäki çäreler, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly möhüm başlangyçlar bar. Hormatly Prezidentimiz bu teklip edilýän meseleleriň biziň ýurtlarymyz üçin wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de Awazada geçiriljek sammit bilen utgaşykly birnäçe halkara forumlaryň, medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtady.

Berkarar döwletimiz dünýäde öz syýasaty, ösüş maksatnamalary, medeni-aňyýet ýoly bilen örän ynamly hereket edýär. Munuň özi türkmen halkynyň beýik geljeginiň mizemez kepilidir. Doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda kemala gelýän täze ýörelgeler, täzeçe garaýyşlar, ýüze çykýan ösüş ýollary biziň halklarymyzyň müňýyllyklardan gaýdýan gatnaşyklarynyň döwrebap many-mazmun bilen has-da baýlaşýandygyny alamatlandyrýar.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

05.10.2026 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -