Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki Çeper halyçylyk kärhanasy 2011-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu kärhana açylan gününden bäri halyçy gelin-gyzlaryň ençemesiniň döredijilikli zähmet çekýän mukaddes ojaklarynyň birine öwrüldi. Ähli amatlyklary jemlenen bu döwrebap kärhanasynda halyçylar önjeýli işleýärler. Ene-mamalarymyzdan galan nepis sungatymyzy, ýagny el hünärini ýitirmän, ony barha kämilleşdirip, milliligimize täze öwüşgin çaýyp, el işlerine yhlas siňdirişlerini göreniňde, göwnüň bir gez beýgelýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli gyzylarbatly halyçylarymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýazgyly, boýy 12 metr, ini 23 metr, umumy meýdany 276 inedördül metr bolan äpet halyny dokadylar. Bu äpet haly halyçy gelin-gyzlaryň agzybirliginiň, hünär ussatlygynyň we Watana bolan belent söýgüsiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik tutumlar we döwrebap özgerişler halyçy gelin-gyzlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda Italiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we beýleki ýurtlara türkmen halysynyň eksporty ýola goýuldy. Nusgawy türkmen halylaryna daşary ýurtly alyjylar aýratyn isleg bildirýärler. Tebigy reňkleri we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan el halylary bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň zähmetsöýer gelin-gyzlary hem özleriniň inçe el işleri bilen milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Milli sungatymyzyň barha kämilleşmegi halkymyzyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgularyny oýarýar. Halkynyň bagtyýarlygy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!
Şamyrat Akmämmedow, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy
“Watan” gazeti
27.10.2026 ý