Ene — dünýäniň manysy, ynsan ýaşaýşynyň barlygy hem baýlygy. Ol perzendine şirin janyndan jan berip, ömrüniň örküni eziz balalaryna bagyşlaýar. Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Ene söýgüsi bilen ulalan perzent ýaşynyň näçedigine garamazdan, nirede bolsa-da, şol mähribanlygy küýseýär, eneli dünýäsinde özüni mydama çaga ýaly duýýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleri, söýgä gurşalan duýgulary, mähribanlygy bir ýürege sygdyryp bilýän ynsandyr. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary, göwnüň dikligini, ýüregiň suwlulygyny, bir söz bilen aýdylanda, dünýäň abatlygyny özünde ýaşadýan gudratdyr. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Halkymyz iň mukaddes zatlary enä deňeýär: «ene toprak», «ene dilimiz»... Eneler maşgalanyň mähir sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr. Şu jähetden-de, olaryň maşgala ojagyny berkidip, kämil dünýägaraýyşly sagdyn nesilleri kemala getirip, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan goşantlary örän uludyr.
Mähribanlygyň eneler bilen bir bitewilikdiginiň düýp manysy olaryň dowamata ynsanlygyň iň asylly ýörelgelerini miras goýmak wezipesini berjaý edýändigi bilen baglydyr. Dünýäniň görki hasaplanýan eneler beýik Taňrynyň ýaradan iň mukaddes ynsanlarydyr, Olar adamzat durmuşynyň diňe bir bezegi bolman, eýsem ony döredijilerdir. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Käbeleriň sylanýan ojagy sagdyn hem kuwwatlydyr. Mähriban eneleriň arzylanýan ýurdy bolsa, mydama asudadyr, parahatdyr, abatdyr. Muny güneşli Diýarymyzyň mysalynda hem görýäris. Berkarar ýurdumyzda enelere bolan çäksiz söýgi her ädimde duýulýar. Her maşgalada eneleriň orny aýratyn, olar mydama ak pata berip, dogaýy dilegler, saldamly sözler bilen ogul-gyzlaryny, agtyk-çowluklaryny terbiýeleýär. Eneleriň ýaşaýan ojagy bagta-bagtyýarlyga, şatlyk-şagalaňa baý. Ene — ömrüň başlangyjy. Ene mertebesiniň beýikligini wasp edere älem sözleri azlyk etse gerek. Çünki olar hakda ýazylan, aýdylan waspnamalaryň sany-sajagy ýokdur, emma şonda-da ene tarypynyň ýanynda olar deňizden damja ýaly azdyr.
Zeminde görki zynatly, sözleri datly, ýüregi güneşden howurly, pälleri pamykdan päkize ynsanlar bar, olara «Ene» diýilýär. Ene — dünýä inende her birimiziň ilki tanaýan mähribanymyz, ilki dil açýan sözümiz. Bu sözüň aňyrsynda soňsuz hormat-sylag, söýgi-sarpa hem-de mizemez göwün bagymyz bar. Eneler biziň dünýämiziň gözelligi, kerem-keramaty. Şeýle bolansoň, biz mukaddes Käbä diňe ýekeje zady — eziz Enäni deňeýäris!
Amangül Atabaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işgäri
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
29.10.2026 ý