Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösýär, özgerýär, her bir ýylymyz taryhyň şöhratly sahypalaryna zer harplar bilen ýazylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän 2026-njy ýylyň şanly wakalary, ajaýyp ösüşleri bu babatda uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr.
Şanly ýylda döwletli Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar, beýik maksatly tutumlar rowaç alýar, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan baýram edilmegi, naýbaşy toýumyza gabatlanyp paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, onda döwletli çözgütleriň kabul edilmegi, baş baýramynyň şanyna ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşdy.
Garaşsyzlyk baýramynyň yzysüre «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, Hazar ekologiýa sammitiniň we halkara ähmiýetli beýleki çäreleriň üstünlikli geçendigini buýsanç bilen agzamalydyrys. Bu halkara çäreler Watanymyzyň dost-doganlygyň mekanydygy bilen bagly hakykaty nobatdaky gezek äşgär etdi.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy hem uludan bellenip, bu sene mynasybetli Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem Bäherden etrabynda dünýä meşhur «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagy şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir». Şonuň bilen baglylykda, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek we adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça uly alada edýändiginiň güwäsi bolup dabaralandy.
Bagtyýarlyga beslenen beýik döwrümizde Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek we pugtalandyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy, Ahal welaýat zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
29.10.2026 ý