Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Täze ösüşlere badalga

Türkmenistanyň Halk Maslahaty täze taryhy döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birligini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini äşgär edýän esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Muňa şu ýylyň 23-nji sentýabrynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň, öňde goýlan belent maksatlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň senagatyny ösdürmegiň meselesi aýratyn ähmiýetli ugur hökmünde öňe çykaryldy. Täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi, himiýa, gurluşyk, energetika, elektronika, dokma we azyk pudaklarynyň kuwwatynyň artdyrylmagy ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Mejlisde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem giň beýanyny tapdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine möhüm orun degişlidir. Paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň maslahatlaşylyp, Maksatnamalara laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilmegi halkymyzy buýsandyran we täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyran taryhy waka boldy.

Biz — TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynyň, maslahatda kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny halk köpçüligine giňden wagyz-nesihat etmekde ähli tagallalary edýäris.

Myrat Ataýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

29.10.2026 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti -