Halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bosagasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryny halkymyz uly buýsanç, çuňňur kanagatlanma duýgusy bilen kabul etdi.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylyp, täze sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan işler halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýär. Baky berkarar döwletimizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler abadan we eşretli durmuşymyzda aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen utgaşyp, adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär» diýmek bilen, öňde duran wezipeleriň döwlet maksatnamalary esasynda ýerine ýetiriljekdigini, täze ykdysady we durmuş maksatlarynyň kesgitlenilýändigini belledi. Şeýlelikde, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar esasynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygy yzygiderli artdyrylýar. Gurlup ulanmaga berilýän iri senagat toplumlary, innowasion önümçilikler, geljegi uly täze pudaklar ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün edýär.
Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan ösüşleriň netijesinde ata Watanymyzyň şan-şöhraty äleme dolup, halkara abraýy has-da belende göterilýär. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler, amala aşyrylýan özgertmeler, kabul edilýän çözgütler diňe bir maksada — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljekki ösüşlerini üpjün etmäge we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da berkitmäge gönükdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler, öňde goýlan täze wezipeler hem-de belent maksatlar bedew batly rowaç menzillere badalgadyr. Şol aýdyň wezipelere hötde gelmekde, belent maksatlara ýetmekde biziň her birimiz öz ornumyzda agzybirlik bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris.
Goý, halkymyzy rowaç menzillerde bedew batly ösüşleriň ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
05.11.2026 ý