Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adynyň dakylmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda bina bolýan, birinji tapgyrynyň gurluşyklary tamamlanyp barýan, ikinji tapgyryndaky işlere ak pata berlen bu şäher Garaşsyzlyk gudratynyň beýanydyr, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik eseridir. Ak mermere beslenen, belent-belent ymaratlary nur saçýan bu şäheriň keşbinde uly bir dabaralylyk, milli ruhumyzyň ýeňşi, geljegiň şan-şöhraty jemlenendir.
Nusaýyň, Änewiň, Abywerdiň, Sarahsyň, Şähryslamyň dünýä ýaň salan taryhyna şaýat bolan Ahal topragynda geljegi nazarlaýan şeýle uly şäheriň — welaýat merkeziniň gysga döwürde gurulmagy Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan tagallalarynyň miwesidir. Ýakynda, 24-nji dekabrda Ahal welaýatynda iş saparynda bolup, Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşanda, Gahryman Arkadagymyz islendik şäheriň öz ady bilen tanalýandygyny, täze şähere at dakmak üçin hem ata-babalarymyzdan gelýän däbe eýerilip, halkymyza sala salnandygyny aýtdy. Halkymyzyň teklibi esasynda bu şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylandygy üçin, milli Liderimiz: «Men şuňa halkymyň maňa bildiren ynamy diýip düşünýärin hem-de öz minnetdarlygymy bildirýärin. Halkymyň ynamy meniň üçin ähli zatdan ýokardadyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär. Men mähriban halkymyň ynamyny ödejekdigimi, berkarar döwletimizi ösdürmek, ilatymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda gujur-gaýratymy gaýgyrmajakdygymy nygtamak isleýärin» diýip, buýsanç bilen belledi.
Bu sözler halkyň Arkadagynyň, Berkarar döwletiň, türkmeniň bagtyýar, asuda durmuşynyň hatyrasyna beýik işleri bitirýän görnükli şahsyň, paýhasly ynsanyň sözüdir. Gahryman Arkadagymyzyň sözi bolsa hiç wagt işinden aýry çykmady. Her bir işini «ýedi ölçäp, bir kesip», örän sabyrlylyk, yhlas we höwes bilen ýerine ýetirip, Türkmenistany gülläp ösýän ýurda öwren milli Liderimiziň ady gurlan ajaýyp şäherler, yklymlary birleşdirýän döwrebap ýollar, şäher bilen bäsleşýän täze obalar, dünýä derejeli ylym-bilim ojaklary we beýleki il-ýurt bähbitli işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň ynamyndan, ýürekden çykýan goldawyndan güýç alyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde tejribeli syýasatçy, paýhasly halypa, ussat binagär, ökde guramaçy hökmünde öň hatarda orun almagy adamlarda ertirleriň ösüşli, geljegiň ygtybarly boljakdygyna çäksiz ynam döredýär. Çünki milli Liderimiziň ýurtda örän gysga döwürde, zamananyň talaplaryna görä, ähli zerur şertleri döredip bilýän, gurmagyň, döretmegiň, çalt depginde ösüşleri üpjün etmegiň usullaryny tapmagy, durmuşa ornaşdyrmagy başarýan talapkär ýolbaşçydygyny diňe türkmen halky däl, bütin dünýä ykrar edýär.
Şäherler adamzat ýaşaýşynyň ösen derejesini alamatlandyrýan medeniýet merkezleridir. Medeni durmuşda, ylymda, tehnologik ösüşde şäherler esasy orunda durýar. Täzelenişiň ähli ugurlary, ilki bilen, şäherden başlanýar. Şoňa görä-de, täze şäheriň peýda bolmagy döwletiň ösüş derejesi bilen berk baglanyşyklydyr. Sanlyja ýylda ägirt uly döwrebap şäheri gurup bilýän döwletimiziň güýç-kuwwatyna göz ýetirmek kyn däl bolsa gerek. Şunda bir ýagdaýy göz öňünde tutmak zerur. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalar sanardan kän. Häzir diňe şu şäher däl, köp zat gurulýar. Özem olaryň depgini gowşamaýar, göz öňünde tutulan ähli desgalaryň, uly-uly taslamalaryň gurluşyklary meýilnama görä dowam etdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň örän oýlanyşykly işlenip düzülendigini görkezýär.
Çeşme-çaýlary, gözel jülgeleri bilen haýran galdyrýan Köpetdagyň eteginde peýda bolan Arkadag şäherinde welaýat merkezi üçin derwaýys jemgyýetçilik, medeni-durmuş düzümleriniň gurlandygy, ýaşaýyş jaýlarynyň ähli amatlyklar bilen üpjün edilendigi, her bir desganyň, seýilgäh toplumlarynyň sungat eseri ýaly sünnälenip döredilýändigi bitirilýän işiň taryhy ähmiýetini artdyrýar. Dogrudan-da, Arkadag şäheriniň gurulmagy Garaşsyzlyk döwrüniň ajaýyp taryhynyň ýatdan çykmajak sahypasydyr. Arkadag şäheriniň iň häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly dolandyryljak administratiw, durmuş, hojalyk, önümçilik düzümlerini özünde jemlemegi şäherde işlejekleriň bilim-düşünjeleriniň has döwrebap bolmagyny, maglumat tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmeklerini talap edýär. Şoňa görä-de, Arkadag şäherinde ýaşaýyş-durmuşy doly ýola goýmak üçin hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu ýere iň taýýarlykly hünärmenleriň, işçi-gullukçylaryň gerekdigi öz-özünden düşnükli. Şonuň üçin-de Arkadag şäheri dolandyryşda has-da ilerlemegi aňladýar. Bu ýerdäki ýaşaýşyň bütinleý täze şertleriniň tutuş ýurdumyz üçin nusga boljakdygy ikuçsuz.
2019-njy ýylda bu şäheriň düýbi tutulaly bäri halkymyz onuň binalarynyň, ýollarynyň, desgalarynyň dikelişiniň, şäher keşbiniň döreýşiniň şaýady boldular. Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, gurluşyklaryň barşy bilen tanşyp, onuň döwrüň iň ösen şäherine öwrülmegi barada tagalla etdiler.
Şu ýylyň 21-nji dekabrynda Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçiren döwlet Baştutanymyz täze şäheriň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ýaýbaňlandyryljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyny nygtady. Çünki Arkadag şäheri türkmeniň beýik taryhyna täze sahypa hökmünde altyn harplar bilen ýazylýar.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
30.12.2022 ý