Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «2023-nji — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde raýatlarymyzyň parahat ýaşaýşy üçin iň oňaýly ýollary, ýokary ideýalary döwletiň hem jemgyýetçilik ösüşiniň iş ýüzündäki hakyky daýanjyna öwürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän we bu ugurda milli derejede öňegidişlik gazanan ýurt hökmünde tanalýar.
Ýurdumyzda her ýyla döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini göz öňünde tutup, täze — 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden karary halkymyzda uly buýsanç döretdi.
Maslahatda çykyş edenler tamamlanyp barýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň biri bolandygyny aýdyp, bu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini, onda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagynyň halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollaryň ygtybarlydygynyň aýdyň görkezijisine öwrülendigini nygtadylar. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwrüň talaplaryna görä ösdürmäge gönükdirilen birnäçe maksatnamalaýyn wezipeleri öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýaşlarymyzyň ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdiriji, kämil, giň dünýägaraýyşly, ata Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler dörediler, ýaş maşgalalar üçin uly mümkinçilikler açylar.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyryp, baýramçylyk joşgunyny emele getirdi.
Bezirgen Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň bölüm müdiri
“Türkmenistan” gazeti
31.12.2022 ý