Beýik işleriň binýady

Ata Watanymyzyň depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki at-abraýy barha belende galýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar, ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan iri maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň datly miweleriniň üstüni ýetirdi. Şu günki gün gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi Watanymyzyň ösüşleriniň belent sepgitlerini, milli mirasymyzy, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny beýan edýän aýratyn öwüşgine eýe bolýar.

Mähriban Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler, döwletimiziň daşary syýasatda eýe bolýan belent abraý-mertebesi, ýurdumyzda alnyp barylýan şähergurluşyk maksatnamasy, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmak we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan gözbaş alýar. Bularyň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkyna bolan söýgüsinde hem-de halkymyzyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlarynda jemlenýär. Welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylýandygy baradaky hoş habar hem munuň beýany boldy.

Täze şäherde gurlan Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zehinli mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy hem ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan şahsyýetlere uly sarpa goýulýandygyny görkezýär.

Türkmen halkynyň milli saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň adynyň Ahal welaýat çagalar sungat mekdebine dakylmagy diňe bir sungat işgärlerini däl, eýsem, tutuş halkymyzy begendirdi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurulýan Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna geljek nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna meşhur artist, režissýor hem dramaturg Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine mukamçy-kompozitor Sahy Jepbarowyň atlarynyň dakylmagy pederlerimizden miras galan asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrmakda beýik işleri, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

31.12.2022 ý

 

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -