DÖWRÜŇ BEÝIK GUDRATY

Güneşli Diýarymyzda asuda, abadan durmuşda ýaşaýan merdana halkymyzyň her güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa «Arkadag şäheri» diýip at dakmak baradaky karary toýly günleriň şatlygyny goşalandyryp, bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Bu taryhy çözgüdiň bagtyýar raýatlarymyzyň ýüztutmalary, teklipleri esasynda kabul edilmegi merdana halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza goýýan hormat-sarpasynyň belentdigini, buýsanjynyň we söýgüsiniň egsilmezdigini ýene bir ýola aýdyň tassyklady. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda gazanylan uly üstünlikler, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylan beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň gözbaşynda-da Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty bar. Gahryman Arkadagymyz bu taglymaty özüniň her bir alyp barýan işinde esasy ýörelgä öwürdi. Şonuň netijesinde-de gysga wagtyň dowamynda ýurdumyz görlüp-eşidilmedik belent sepgitlere eýe boldy. Çuňňur pähim-parasadyň gözbaşynda milli ýörelgelerimize hormat-sarpanyň, dünýäniň ösen talaplaryndan ugur alýan döwlet syýasatynyň durandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde halkymyza nusgalyk görelde görkezmegi ulus-ilimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhuny arşa göterdi. Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň möwç urýan ýerinde bolsa diňe üstünlik hem-de beýik ýeňişler bardyr. Hut şonuň üçin-de, bu taryhy çözgüt halkymyzda çäksiz guwanç, buýsanç duýgularyny oýardy.

Merdana pederlerimiziň şöhrata beslän gadymy hem müdimi Gökdepe topragynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi halkymyzyň döredijilik ruhuna kybap derejede bina edildi. Onuň binagärlik keşbi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerini, halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasyny, medeni we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Şäheriň birinji tapgyrynyň açylyşyna taýýarlyk görmegiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň beren gymmatly maslahatlary halkymyzyň toý tutmak däbiniň dünýä ýaň saljakdygyny alamatlandyrdy.

«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologik taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi. Arkadag şäheri ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherdir. Şäherde tebigy gözelligi gorap saklamak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmen halky öz Watanyna, halkyna wepaly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezen, bilimini, ukyp-başarnygyny ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetlerine çäksiz sarpa goýýar. Bu asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, bilim edaralaryna, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen täze şäheriň durmuş-medeni maksatly binalarynyň birnäçesine nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bolsa täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir. Bu döwletli çözgütleri halkymyz biragyzdan goldaýar. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden nyşandyr.

Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzy ösüşler, özgertmeler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Merdan Meredow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

05.01.2023 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti -