Ahal welaýatynda gurlan Arkadag şäheri dünýä nusgalyk şäherdir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilýän bu «akylly» şäher owadanlygy, görkanalygy we binagärlik aýratynlygy bilen göreni haýrana goýýar. Täze şäher ýokary derejede enjamlaşdyrylan edara binalaryny, medeni, bilim-terbiýeçilik ojaklaryny, iki gatly kottejleri, köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalaryň ençemesini öz içine alýar. Şeýle desgalaryň arasynda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň bolmagy bizi has-da begendirýär.
Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde milli binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlygy, innowasion we «ýaşyl» tehnologiýalar, şeýle-de häzirki zaman ylmynyň gazananlary sazlaşýar. Bu bolsa nusgalyk şähere bolan gyzyklanmany artdyrýar. Welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde elektrobuslaryň, elektromobilleriň hereket etjekdigi, awtoulaglar üçin «akylly» awtoduralgalaryň niýetlenýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Üçünji müňýyllykda gadymy Oguz mekanynda durmuşa geçirilen iri gurluşyk taslamasy — Arkadag şäheriniň gurluşygy Watanymyzyň täze taryhynyň şöhratly sahypalaryny açdy. Täze şäheriň diňe bir binadyr desgalary däl, eýsem, şaýollary hem taryhda öçmejek yz goýan görnükli şahsyýetleriň atlaryny göterer. Munuň özi ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.
Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
11.01.2022 ý