Watanymyzy rowaçlyga beslän röwşen ýyl

Eziz Diýarymyzda her bir günümiz şatlyk-şowhuna beslenip, toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ýaňy-ýakynda hem mähriban halkymyz 2023-nji ýyly baýramçylyk dabaralaryna besläp, uly ruhubelentlik bilen garşylady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyl ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatymyz üçin hem bagtyýarlyga, abadançylyga, rowaçlyga, rysgal-berekede, özgerişliklere we üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Tamamlanan ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyzyň «Malaý» gaz käninde bolup, nebit-gaz toplumynda dürli hünärlerde zähmet çekýän adamlar bilen iş üstünde duşuşmagy, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň, Türkmenabat awtomenziliniň işe girizilmegine ak pata bermegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Welaýatymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, döwrebap edara binalarynyň we önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň buýsançly wakalaryna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde 4 gatly kottejler ýaşaýyş jaý toplumynyň 100-siniň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýunyň öň ýanynda 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň 40-synyň, şeýle-de Seýdi şäherinde 4 gatly täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu bolsa Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň bimöçberdigini, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününde: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bulardan başga-da, welaýatymyzyň Saýat etrabynyň çäginde «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap orta mekdebiň we çagalar bagynyň täze binalary bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan täze özgertmeleriň we ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň mysaly bolup, welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň ýürek buýsanjyny artdyrdy.

Halkymyz öý-ojagy mukaddeslige deňeýär. Taryha şan beren Oguz han atamyz hem öz nesillerine giň sähradan alty ganat ak öýleri gurduryp, öýleriň berkligine, ýerleşiş tertibine, jebisligine, özboluşly gurluşyna aýratyn üns beripdir. Türkmençilikde guýy gazmak, ýol çekmek, bag ekmek, bina galdyrmak sogap iş hasaplanylýar. «Gurmak – ömürden» diýlişi ýaly, welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, kärhanalaryň, desgalaryň, binalaryň, ýollaryň, medeni ojaklarynyň gurluşyk işleri hem özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerini kämil derejede alyp barýan ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan alnyp baryldy.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda ekinleri ösdürip ýetişdirmekde we olardan bol hasyl almakda öndürijilikli zähmet çekýän welaýatymyzyň babadaýhanlary hem hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlarynyň netijesinde 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde mynasyp goşantlaryny goşdy. Arkadagly Serdarymyzyň daýhanlarymyza kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny alyp bermegi, şeýle hem babadaýhanlarymyzyň ýeňillikli şertler we dökün, suw, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegi daýhanlarymyzyň gaýratly zähmet çekmeklerine, ýerden bol hasyl almaklaryna uly itergi berýär.

Bu gün Garaşsyz Watanymyzyň agzybir halky 2023-nji ýylyň has bereketli, düşümli we ajaýyp üstünliklere beslenjek ýyllaryň biri boljakdygyna çuňňur ynam bilen täze ýyly garşy aldy. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyza bolan köňül buýsanjymyzyň, beýik söýgimiziň waspy boldy. Hormatly Arkadagymyzyň täze ýylyň öňüsyrasynda ýazan «Dowam bolsun!» atly goşgusy köňül guşuňy ganatlandyryjy, geljege bolan ynamy has-da berkidiji, ýagty geljegimize ynamy artdyryjy häsiýeti bilen ähli türkmenistanlylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda belleýşi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmeniň döwletli ýoly, ak geljege dowam bolsun!

Merdan Dosmedow, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

14.01.2023 ý

 

TDP-niň Lebap welaýat komiteti -