Türkmen taryhynyň şan-şöhrata beslenen Garaşsyzlyk ýyllary döwlet berkararlygyny üpjün etmekde, milli jemgyýetiň syýasy, durmuş, jemgyýetçilik ýörelgelerini kemala getirmekde we kämilleşdirmekde döredijilikli gözlegleriň döwri boldy. Türkmenistan bu ýyllarda ösüşiň özboluşly milli ýoly bilen öňe gidip, halkara giňişlikde öz ornuny berkitdi.
Geçilen ösüş ýolunda döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmagyň syýasy, hukuk, jemgyýetçilik we demokratik ulgamlaryny döretmek, berkitmek, kämilleşdirmek ugrunda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzy tapgyrlaýyn ösdürmegiň barşynda maksatnamalaýyn ösüşleriň syýasy-hukuk esaslaryny üpjün etmek, kanunçylygy berkitmek babatda möhüm işler alnyp baryldy. Bu işleri durmuşa geçirmäge giň jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşuly nesliň, ýaşlaryň çekilmegi, öňe sürülýän başlangyçlaryň halkymyz bilen maslahatlaşylyp, adamlaryň teklipleridir isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp amala aşyrylmagy, milli ösüşiň her bir tapgyrynda ýüze çykýan talaplara görä zerur çözgütleriň kabul edilmegi öz netijesini berdi. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän, barha kämilleşýän syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk ulgamlary döredildi. Şunda umumy ykrar edilen halkara hukugyň esasy ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak çärelerine aýratyn üns berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda we möhüm başlangyçlary esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler Türkmenistanyň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini işjeň ösdürmäge ýardam berdi. Konstitusion özgertmeleriň her bir tapgyry ýurtda syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini has artdyrýan möhüm waka öwrülýär we uly ähmiýetli taryhy ädim hökmünde durmuş-ykdysady ösüşlere-de itergi berýär. Çünki Konstitusiýamyza girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hatarynda durmuş, ykdysady ösüş bilen bagly bölümler hem bolup, şolar esasynda degişli ulgamlarda ýüze çykýan täzelenişi hukuk taýdan üpjün etmek üçin döwrebap kanunçylyk binýady kemala gelýär. Şonuň bilen birlikde, konstitusion özgertmeler, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belläp geçişi ýaly, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda biziň jemgyýetimiziň öňünde Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun eýelejek ýene bir möhüm wezipe durýar. Bu hakda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen bilelikdäki maslahatynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Size mälim bolşy ýaly, biz mundan iki ýyl ozal döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşine öwürdik. Häzirki döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar. Emma ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny hem yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Bizem döwrüň şu talaplaryndan ugur almalydyrys. Şoňa görä-de, men halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip edýärin”.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bu teklibi esasynda Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi.
Konstitusion özgertmäni amala aşyrmagyň zerurlygy çalt depginde özgerip durýan şertlerde döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşyny talaba görä ýola goýmak bilen baglydyr. Bu hakda Gahryman Arkadagymyz aýratyn belläp geçmek bilen, täze dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň ygtyýarlyklary barada öz garaýyşlaryny beýan etdi. Şol ygtyýarlyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ýaly ygtyýarlyklar bolup, şol esasda hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes ediler. Ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz döwrüň tanymal syýasatçysy, parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, milli demokratiýany giňeltmek, halkyň döredijilik kuwwatyny beýik ösüşlere gönükdirmek, ýurtda jemgyýetçilik ylalaşygyny we asuda durmuşy üpjün etmek ýaly taryhy ähmiýetli ägirt uly maksatnamalary amala aşyrmakda örän tejribeli, belent mertebeli şahsyýet hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Milli Liderimiziň durmuşa geçiren özgertmeleri täze, rowaç durmuşy üpjün etmegiň synagy boldy we olaryň netijesi jemgyýetimiziň ösüş ýoluna kesgitleýji täsir etdi. Ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmegi hem milli parlamentarizmi ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilikli gatnaşmagy babatdaky tejribäni baýlaşdyrmak ýaly örän ähmiýetli syýasy-hukuk işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly täsir etdi. Parlamentarizmi ösdürmekde ýaşlaryň, zenanlaryň ornuny giňeltmäge ýardam berdi, halkyň arasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işi baradaky düşünjäni has-da çuňlaşdyrdy. Bu gün şol tejribeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämillige tarap ugur alan ösüş ýoluny üstünlikli dowam etdirmegiň binýady bolup durýar. Gazanylan netijeler ynamly öňe gitmegiň kepilidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşlerini çaltlandyrmakda, eziz Watanymyzy täze rowaçlyklara ýetirmekde öňde belent maksatlary, aýdyň wezipeleri goýýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da işjeňleşýän ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň aýratyn ähmiýetli wakasy boljak, golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatynda täze döwür üçin möhüm çözgütler kabul ediler. Munuň özi täzelenişiň, özgerişiň, beýik ösüşlerimiziň ýene bir badalgasy bolar.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
16.01.2023 ý