Bagtly ýyllara badalga

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary hem ýokary ruhubelentlik we çäksiz buýsanç duýgulary bilen täze ýyla gadam goýdy. Arka atylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlaryny ajaýyp üstünliklere beslemegi başaran Balkan welaýatynyň halky «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylady. Ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň bimöçber gorlarynyň mesgeni bolan sebitiň ýaşaýjylary mähriban Watanymyzda ähli babatlarda gazanylýan dünýä nusgalyk üstünliklere dahyllydyklaryna guwanýar. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň häzirki zaman taryhyny zer harplar bilen ýazýan, ony berkararlyga we bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyz şu günki we geljekki ykdysady, syýasy we medeni-durmuş ulgamlardaky ösüşlerimizi Watanymyzyň her bir sebitiniň mümkinçiliklerine salgylanyp amala aşyrýar.

Geçen ýylyň şöhratly ýyl ýazgysyna nazar aýlanyňda, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparlary, diňe bir Günbatar sebit üçin däl, eýsem, tutuş ýurdumyz üçin hem aýratyn taryhy pursatlar boldy. 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Soňra Arkadagly Serdarymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp, bu möhüm düzümde alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdy. Şol günüň ertesi bolsa döwlet Baştutanymyz kenarýaka şäherinde gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyşyna dabaraly ýagdaýda ak pata berdi. Jemi 27 bölümden ybarat bolan täze hassahanada 1 müň 200-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Hut şol sähetli gün Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygy bilen Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan her biri 4 gatly, 60 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň 5-siniň düýbi tutuldy. Geçen ýylyň 1-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan, 240 maşgala niýetlenen 48 sany iki gatdan ybarat bolan «Rowaç» kottejler toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy babatyndaky ägirt uly taslamanyň öz mynasyp dowamatyny tapýandygynyň buýsançly subutnamasyna öwrüldi. 8-nji awgustda bolsa Arkadagly Serdarymyz Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtoulag ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berdi. Gürrüňi edilýän ýylyň 24-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda, Balkanabat şäherinde täze awtomenziliň açylyşyna ak pata bermegi hem welaýatyň ilatynyň buýsançly başlaryny belende göterdi. 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegi bolsa geçen şöhratly ýylyň ýylýazgysyndaky taryhy wakalaryň kerwenine goşuldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän Aşgabat – Türkmenbaşy demirýolunyň üstünden awtoulaglaryň ygtybarly gatnawy üçin köprüniň, Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap dynç alyş merkeziniň, Gyzylarbat şäherinde «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli dermanhananyň, Balkanabat şäherinde iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 600 orunlyk 25-nji orta mekdebiň, her biri 49 hojalyga niýetlenen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, Bereket etrabynda 300 hojalyga niýetlenilen Galkynyş şäherçesiniň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berlendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Bu künjegiň her bir ýaşaýjysy öz rysgal-döwletliliginiň, bagtyýarlygynyň, älem içre berkararlygynyň gözbaşynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baýdak edinen Arkadagly Serdarymyzyň durandygyna magat göz ýetirýär. Hut şonuň üçin hem halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşyň hözirini görýän welaýatyň halky bosagadan ätlän 2023-nji ýyla – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna ynamly gadam basdy.

Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen mähriban Watanymyzyň täze taryhyna zer harplar bilen ýazyljak ýylda hem alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnyklarymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekeris. Bu möhüm işde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-e golaýy eýýämden maksada okgunly işleri alyp barýar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sany bu gün 30 müňe golaý. Şu ýerde partiýa agzalarymyzyň 18 müňden hem köpüsiniň otuz ýaşa çenli ýaşlardygyny aýratyn nygtamak gerek. Olar beýleki agzalarymyz bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň Günbatar sebitdäki dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda zähmet çekmek bilen, Arkadagly Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk abraý-mertebesini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldap, halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşyň hözirini görýän Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem has belent sepgitlere ýetmekde şu günlerden gaýratly zähmet çekýär. Bizi şeýle uly bagtdan paýly eden Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, berkarar döwleti baky dowamat bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

17.01.2023 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -