Halk bähbitli demokratik özgertmeler

2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Biziň ata Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär» diýip belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze, döwrebap obalar, şäherler döreýär we obalarymyz, şäherlerimiz tanalmaz derejede özgerişlere eýe bolýar. Agzybir halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolunýar. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda kanunçylyk namalary, şeýle hem ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşy kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz bu barada maslahatda eden çykyşynda: «Bizem döwrüň şu talaplaryndan ugur almalydyrys. Şoňa görä-de, men halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip edýärin» diýdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde döwletimiziň täze bir tapgyra gadam goýýandygynyň subutnamasydyr.

Bu günki gün ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir halk bähbitli demokratik özgertme «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyň we hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen sözleriniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän halk bähbitli demokratik özgertmeler ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da kuwwatlandyrjakdygynyň, halkymyzyň bolsa eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşajakdygynyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalary we işjeň agzalary hem halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça taryhy başlangyçlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekde degişli işleri alyp barmak bilen, wagyz-ündew duşuşyklary, maslahatlary geçirýär we mundan beýläk-de bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaz.

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

17.01.2023 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -