Demokratik özgertmelere tarap

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahat geçirilýär. Habarçylarymyz maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden gelen wekiller bilen duşuşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar. Olaryň käbirini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Nurjahan HOJAÝEWA,
TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy:

— Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine eýe bolýar. Bütin dünýäde syýasy, ykdysady ýagdaýlar çalt depginde üýtgeýär. Gahryman Arkadagymyzyň raýatlarymyzyň bähbidini ählitaraplaýyn gorap, halkymyzyň bitewi sesine öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek babatda öňe süren teklipleri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüler.

Watanymyzyň gülläp ösmegine, raýatlaryň asuda, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

“Watan” gazeti

21.01.2023 ý

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Gökdepe etrap komiteti