Demokratik özgertmelere tarap

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahat geçirilýär. Habarçylarymyz maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden gelen wekiller bilen duşuşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar. Olaryň käbirini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Myrat ATAÝEW,
TDP-niň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri:

— Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösýär. Türkmenistan Diýarymyz bu gün senagat taýdan ösen, gurýan, döredýän kuwwatly döwlet hökmünde özüni dünýä tanadýar. Ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn özgertmeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň 11-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmek barada möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirilýär. Bu taryhy maslahatda kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, berk hem döwrebap kanun çykaryjy häkimiýeti döretmäge gönükdiriljekdigine pugta ynanýarys.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan işleri üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

 

“Watan” gazeti

21.01.2023 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Mary şäher komiteti