Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.
Durmuş, döwür, jemgyýet ösýär, özgerýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýdip, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has-da berkidip, kalplara nur çaýdy. Täze döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga, gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mary welaýat häkimligi, Syýasy partiýalaryň welaýat komitetleri, jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat bölümleri tarapyndan şäherlerde, etraplarda ýörite meýilnama esasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi milli bitewülik demokratiýasynyň dabaralanmagydyr» atly maslahatlar geçirilýär. Maslahatlara gatnaşyjylar halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik tutumlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýar.
Halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
“Watan” gazeti
31.01.2023 ý