Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sözüň doly manysynda ýurdumyzyň ähli babatda ösüşlere, özgerişlere beslenýän zamanasyna öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere eýe bolýar hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar.
Arkadag Serdarly ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli nygtap, ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. 2023-nji ýylyň adynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar biziň şu günümiz, geljegimiz. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär.
Şanly ýylymyzyň şatlygyny goşalandyran taryhy wakalaryň biri-de 28-nji ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegidir. Bu gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmeginde hem uly many bar. Çünki Arkadagly Serdarymyz: «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler.
Galkynyşly zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ylma, bilime yhlasly ýapyşýarlar, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, täze, döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. «Mertler Watany beýgeldýär. Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýýän Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Ol ynam bolsa ýaşlaryň kalbynda egsilmejek uly güýç bolup orun alandyr.
Ähli halkymyz bilen bir hatarda, biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle döwletli tutumlary biragyzdan goldaýarys.
Goý, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary rowaç alsyn! Türkmen halkynyň döwletli ýoly ak geljege rowana bolsun!
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
02.02.2023 ý