Toý ruhuna beslendi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Milli Lideriň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bolan hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan maslahata edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, ýaşlar, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdy.

Maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanow açyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýeti, onda Milli Liderimiziň eden çuň manyly çykyşy we kabul edilen çözgütler barada durup geçdi. Ol çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüş-özgertmeleriniň sakasynda duran, döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, Watanymyzy ösüşleriň täze derejelerine çykarmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Maslahatda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň we onuň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagynyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmeginiň ildeşlerimizde egsilmez şatlygy döredendigini nygtadylar.

Dabaraly maslahat welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Bu sungat çykyşlarynda taryhy döwrümiziň belent waspy öz beýanyny tapdy.

Toý ruhunda geçirilen maslahata gatnaşyjylar Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

08.02.2023 ý

 

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -