Bir dutaryň taryhy

(Bolan waka)

Diňe bir dutaryň şirin owazyny däl, eýsem, dutar hakyndaky söhbetleri diňlemek hem diýseň ýakymly. Özüm-ä ýaşlygymdan bäri aýdym-sazdan, dutardan gürrüň açylsa, ony höwes bilen, soňuna çenli diňleýän. Soňam uzak wagtlap onuň täsirinden çykyp bilmeýärin. Belki-de şondandyr, kakam pahyryň uruşda ýitiren dutary barada arman çekip aýdyp beren şu gürrüňleri hakydamda müdimilik orun alyp galandyr.

— Dutar çalmaga ezber sazanda ýa-da bagşy bolmasam hem dutary elime alyp, märeke güýmärligim bardy. Dutar çalyp bilmegim heniz ýigitkäm tanyşlarymam, dost-ýarlarymam köpeldipdi. Dutarym bilen köplenç öýümize myhman bolsagam, onuň myhmansyz wagty hem bolmazdy. Abadan ojagymyzyň başynda bagşy-sazandalar, aýdym-saza aşyklar bilen, gör, näçe saz-söhbetler guralyp, gör, näçe daňlar atyrylypdy.

Birdenem kalplara ornap, dutarda çalýan şirin sazlarymyz kesildi. Nägehan uruş başlandy. Obamyzdan deň-duş alty oglan bolup, şaýymyzy tutup, etrap merkezine ugradyk. Harby komissarlykda bizi soragly nazary bilen garşylan harby komissar urşa meýletin gitmek üçin goşumyzy düwüp gelenimizi eşidip, garşylyk görkezip durmady. Altymyzam üns bilen synlap, resminamalarymyzy alyp, ullakan ýazuw depderçesine belleşdirdi. Soňam meniň egnimden asylan dutaryma geňirgenme bilen seredip, «Ýagşy ýigit, munyň näme?» diýip sorady. Komissara dutarymy hem ýanym bilen alyp gitjekdigimi rus dilinde zordan düşündirdim.

Komissar sesini çykarman, egnime kakyp, bizi ilkinjileriň hatarynda ýola saldy.

Ýolumyzda ýoldaş bolan saýrak dutarym wagonlaryň içinde-de, söweşe girmezimiziň öň ýanynda-da söweşjeň ýoldaşlarymyzyň ruhuny göterip, saýramak saýrardy. Uruşda nämeler bolmaýar. Agyr söweşleriň birinden soň tokaýlygyň içinde biz söweşjeň ýoldaşlarymyzdan aýra düşdük. Soňra gür tokaýlyklara siňip, türkmen ýigitlerinden düzülen partizan otrýadynyň üstünden baryp, olara goşulyp, duşmana garşy söweşleri alyp bardyk. Partizan otrýadymyzyň gaýduwsyz türkmen ýigitlerine sarahsly kapitan Gylyçýaz Saparow serkerdelik edýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda basylyp alnan obalaryň ençesini azat etmegiň hötdesinden gelnipdi. Elbetde, bu işde golaýdaky obalarda ýaşaýanlaryň hem ýardamy uludy. Her bir söweşjeň tabşyryk ýerine ýetirilenden soň, dutar çalyp, saz diňlärdik. Edermenlik, dost-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk baradaky aýdym-sazlarymyz esgerleriň ruhuna ruh, güýjüne-güýç goşardy. Ony goraglap, aýawly saklardyk.

Bir gezek ýörite partizan otrýadynyň serkerdesiniň tabşyrygy bilen duşmana garşy möhüm bir işi ýerine ýetirmäge gidenimizde duşman bilen bolan aldym-berdimli söweşden soň tokaýyň içinde azaşyp, başga bir bölüme goşulmaly bolduk. Şonda serkerdämizem, ýoldaşlarymyzam bizi wepat bolan hasaplapdyrlar. Ine, şonda men uly arman bilen dutarymdan aýrylmaly boldum. Onuň nirede galanlygyny hem bilip bilmedim. Söweş meýdanynda iň bir ýakyn dostumy ýitirene döndüm...

Uruşdan çep elini aldyryp gelen kakam bu wakalary gürrüň berende her gezek gözleri ýaşarardy.

Uruşdan soň kakam Türkmenabatdaky ýokary mugallymçylyk mekdebini tamamlap, obamyzdaky mekdepde ýaşlara bilim we terbiýe berdi. Etrap bilim bölüminiň başlygy bolup işledi. Arman, urşuň salan ýaralary ony on ýaşymdakam aramyzdan alyp gitdi.

Aýlar-günler geçip durdy. Mähriban ejem bizi kakamyň ýoklugyny bildirmän, ösdürip ýetişdirdi. Ýokary bilimli, öýli-işikli boldum. Goşun gullugyna gidip geldim. Parahat durmuşda, bagtyýarlykda ýaşap ýörkäk bir gün etrabyň harby wekilliginden duýdansyz gelen hat barymyzy geňirgendirdi. Hat etrap harby wekilligine iberilen eken. Olaram hatyň mazmuny bilen tanyş bolup, ony biziň salgymyza ýollapdyrlar. Duýdansyz gelen bu haty biz maşgalamyz bolup, uly tolgunma bilen okadyk. Hatda: «Men Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan bolan söweşjeň dostum Bäşim Reýimowy gözleýärin. Ol barada bar bolan maglumatlary hat üsti bilen habar bermegiňizi haýyş edýärin» diýen sözler bardy. Bary-ýogy iki jümleden ybarat haty Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ýaşaýjysy, uruş weterany Gylyçýaz Saparow iberipdir. Bu hat biziň üçin kakamy gaýtadan öýümize getiren ýaly boldy. Gözlerimizi hem gynanç, hem begenç gözýaşlaryna dolduran haty her birimiz elimize alyp, gaýta-gaýta okadyk. Soňam ara wagt salman, men ejem bilen maslahatlaşyp, «niredesiň Sarahs?!» diýip ýola düşdüm.

Ol ýerde meni garşylan ýigidiň habarymy eşidip, ýüzi ýagtylyp gitdi.

— Kakam bu güne, gör, näçe wagtdan bäri garaşyp ýör. Ol otursa-tursa söweşjeň sazanda dostuny, onuň bilen geçiren günlerini ýatlap, dostunyň hökman tapyljakdygyna ynamyny ýitirmän, umyt baglap ýör — diýen ýigit sözüni soňlamanka içerden çykan ýaşuly maňa siňe-siňe seredip, soňam ýigdelene dönüp, çaltlyk bilen ýanyma geldi-de:

— Hawa, men Bäşim bilen bile söweşip, saz-söhbet edişipdim. Ony agyr söweşleriň birinde ýitirdim. Ýöne edermen, şahandaz dostumyň bir ýerden uç berjekdigine bolan ynamymy hiç ýitirmedim. Ahyry-da, seni tapdym — diýip, meni gujaklap bagryna basdy.

Gylyçýaz aga bilen çaý başynda başlanan söhbetdeşligimiz uzakly gije diýen ýaly dowam etdi. Ýaşuly maňa kakam hakynda beren gürrüňleriniň arasynda söweşjeň orden-medallaryny görkezip, edil şu sylaglaryň kakamda-da bolandygyny aýtdy. Birdenem ol ýerinden turup, tördäki sandygyna tarap ýöneldi. Soňra ony açyp, içinden könelip, garalyp giden dutary çykardy-da:

— Ine oglum, bu dutar kakaň dutary. Ol şu güne çenli kakaňdan maňa amanat ýadygärlik boldy. Her görenimde maňa kakaňy, söweşjeň ýigitleri, aldym-berdimli söweşleriň arasynda, maý tapdygymyz, saz-söhbet edişimizi ýatladyp durdy. Parahatçylykly günlerde hem belent ruh, gurbat berdi. Kakaň dutaryny saňa gowşuryp bilenim üçin indi armanym bolmaz — diýdi.

Ençeme ýyllary üstünden aşyryp, ençeme söweşleri başdan geçiren dutary öýe getirdim.

Indi kakamyň dutary agtygy Bäşim janyň elinden düşmän saýraýar.

Baýrammyrat Reýimow, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

16.08.2022 ý

TDP-niň Lebap welaýat komiteti - TDP-niň Hojambaz etrap komiteti