Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar syýasaty öňe çykyp, geljege tarap hereketiň esasy güýji hökmünde uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Ýurdumyzy şeýle talaplaryň çygrynda depginli ösdürmek üçin diňe ylym-bilim ulgamynda däl-de, tutuş jemgyýetde aň-düşünjäni, dünýägaraýşy, aňyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, özgertmek zerurlygy ýüze çykýar. Munuň özi döwrüň iň wajyp wezipesi bolup, ony üstünlikli ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň ykdysady, guramaçylyk, intellektual kuwwatlyklary ýeterlikdir.
Elbetde, Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri hasaplanylýar. Nebit-gazyň ägirt uly gorlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň kepili bolup durýar. Mundan başga-da, oba hojalygy pudagynyň mümkinçilikleri, himiýa senagatyny ösdürmekde bar bolan şertler Türkmenistany öz-özüni üpjün etmekde kuwwatly döwlete öwürýär. Şu baýlyklary, mümkinçilikleri ýerlikli ulanmak we ösüşiň belentliklerine ýetmek döwlet syýasatynyň öňdengörüjilikli we paýhasly ýöredilmegine bagly. Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatlary döwrüň möhüm talaplaryna takyk jogap bolup durýandygy bilen tapawutlanýar. Ösüşleriň häzirki döwründe ýaşlar syýasatyna üns berilmegi ylmy-tehnologik ösüş hereketleriniň bütin dünýäde has çaltlaşýan şertlerinde örän ýerliklidir.
Ýer ýüzünde ýaşaýyş şertleriniň özgermegi, ekologiýa meseleleri, tebigy serişdeleriň gorlaryna aýawly garamak baradaky aladalar häzirki döwürde adamzady tolgundyrýar. Şol bir wagtda ylmy-tehnologik ösüşleriň jemgyýetçilik aňyna, ruhy durmuşyna edýän käbir täsiri hem geljek barada düýpli oýlandyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlary geljege ugrukdyrmagyň ilkinji wezipeleriniň biri ählumumy ösüşiň ýagdaýlary barada olara çuň düşünje bermekden, ählumumy özgerişleri seljermek başarnygyny çuňlaşdyrmakdan ybarat diýilse, dogry bolsa gerek. Bu babatda milli hem dünýäniň habarlar ulgamlarynda berilýän maglumatlara ýaşlaryň ünsüni çekmek zerurlygy ýüze çykýar. Ýaşlaryň ruhy-intellektual ösüş üçin iň zerur maglumatlary saýlap bilmek ukyplaryny ösdürmek olaryň hünär babatda ösmegine, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna ýardam bermekdir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda ylym-bilime berilýän ünsüň güýçlenýändigi, milli ylym-bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyk ösdürmek babatda anyk we netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygy äşgär görünýär. Dünýä derejeli ylym-bilim ulgamynda bolsa häzirki döwürde öňe sürülýän ýörelgeler az däl. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasatynda bu babatdaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, dünýäniň ösen ylym-bilim ulgamlarynyň tejribelerini öwrenmek we özleşdirmek maksady ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet saparlary mahalynda ylym-bilim babatdaky ylalaşyklara uly orun berilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Ylalaşyklarda ýokary bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek, akademiki alyş-çalyşlary guramak, ýokary bilim berlişini kämilleşdirmekde bilelikdäki taslamalary taýýarlamak ýaly birnäçe özara bähbitli çäreler göz öňünde tutulýar. Ýokary okuw mekdepleriniň özara göni hyzmatdaşlygy talyplary hünärlere taýýarlamagyň nazary we amaly taýdan has kämilleşdirilmeginde, tejribeleriň baýlaşdyrylmagynda örän ähmiýetlidir. Munuň özi hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysady we ynsanperwer ösüşleriniň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk taýýarlamakda uly mümkinçilikdir. Sebäbi milli bilim ulgamy ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetleri işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde giň hem-de düýpli tejribä eýedir. Halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi şol tejribäni döwrüň talaplaryna görä ösdürmekden we dünýä ülňülerine uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Ylym-bilim boýunça hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Gazagystan Respublikasy we beýleki onlarça ýurtlar bilen alnyp barylýar. Bilim syýasatynyň netijeleri syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşlerimiziň ilerlemegine düýpli täsir edýär. Ösüş üçin iň zerur hünärmenleriň milli bilim ulgamynda taýýarlanýandygy bu ugurda döwlet syýasatynyň oýlanyşykly ýöredilmeginiň netijesidir. Ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki köp ugurlar bilen birlikde, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnologiýalary ulanmak, gämi gurluşygynyň we suw ulaglarynyň tehnikasy we tehnologiýalary ýaly, döwrüň esasy ösüş ugurlary üçin möhüm hünärler boýunça talyplara bilim berilmegi döwletiň hem-de jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidinedir. Munuň özi ählumumy ösüşe goşulyşmagyň iň zerur şertidir.
Milli bilim ulgamynda dünýä dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlamaga üns berilmegi ýurdumyzyň hemme ugurlar boýunça çalt depginde ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda daşary ýurt dillerinden ýörite bilim berilýän bolsa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okuwlar iňlis dilinde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon dilinde alnyp barylýar.
Ylym-bilim ulgamynda dünýä ülňülerine laýyk, ösen tejribäni ornaşdyrmakda amala aşyrylýan özgertmeler soňky döwürde has çaltlaşýar. Ösen döwletleriň tejribesine ýüzlenmek bilen, milli bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Şunda dünýäde ýörgünli Bolonýa hereketiniň ýörelgelerini özleşdirmegiň hem ähmiýeti uludyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysady taýdan çalt depginde ösmegi we ählumumy ösüşe goşulyşmagynyň tizleşmegi milli hünärmenleriň ýokary derejede, dünýä ülňülerine laýyk taýýarlanmagyny talap edýär. Ýewropa ýurtlarynyň 29-synyň gatnaşmagynda 1999-njy ýylyň iýun aýynda Italiýanyň Bolonýa şäherinde gol çekilen Ylalaşyk esasynda ýola goýlan Bolonýa hereketi Ýewropanyň medeni ylalaşygynyň çäklerinde beýleki ýurtlar üçin hem açykdyr. Häzirki döwürde bu herekete 50-ä golaý döwlet gatnaşýar. Onuň maksady ýokary bilim babatda oňa gatnaşyjy döwletlerde ýokary bilim berlişiniň deňeçerligini we hil derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Birnäçe GDA döwletleriniň-de Bolonýa hereketine goşulandygyny bellemek gerek. Ýokary bilimiň bu halkara ülňüleriniň esasynda hünärlere eýe ýaşlara dünýäniň ýüzlerçe ýurdunda öz hünärleri boýunça işlemäge mümkinçiligiň bardygy Bolonýa hereketiniň özüneçekiji tarapydyr.
Ylym-bilim pudagynyň dünýä tejribesini öwrenmekde we özleşdirmekde durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy fewralynda 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiziň öňe süren wezipelerinden has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler» diýip bellemegi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň işe, durmuşa taýýarlygynyň ýokary derejede bolmalydygy baradaky talapdyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýandygyny aýratyn nygtaýar.
Ýaşlary goldamak baradaky wezipeleriň hatarynda ýaş raýatlara bilimleri ele almagyň, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligiň elýeterli bolmagy, iş bilen üpjün edilmegi, telekeçilik işlerinde giň mümkinçilikleriň açylmagy, olaryň işine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýaly derwaýys meseleler göz öňünde tutulýar. Maglumat tehnologiýasynyň döwrebap tejribesiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlaryna, jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim we hünär taýýarlygy ýokary ýaşlaryň zähmetine we aň-düşünjesine zerurlyk hem artýar. Häzir kärhanalarda, saglyk, hyzmatlar, ulag-aragatnaşyk we beýleki köp ugurlarda işlemek üçin başlangyç we orta hünär taýýarlykly işçi-gullukçylaryň täze tehnologiýalardan örän oňat baş çykarmagy zerur. Sanly ulgam oba hojalygyna-da giňden ornaşdyrylýar. «Akylly şäher» konsepsiýasy esasynda täze şäherler peýda bolýar. Munuň özi ýurdumyzda başlangyç we orta hünär mekdeplerinde-de bilim berlişini döwrüň talaplaryna görä ýokary derejede kämilleşdirmegi talap edýär.
Bilim syýasaty netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli, akylly-başly peýdalanyp, ähli ulgamlary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmekde mugallymlaryň jogapkärçiligine we bilim-düşünjesine köp zat bagly. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu hakda-da durup geçip, şeýle diýdi: «Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr». Hormatly Prezidentimiz çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleriň döredilmeginde, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda we ösdürmekde bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, bu ugurda ulgamlaýyn işleri alyp barmaga, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, kitaplaryny ösen halkara tejribelere laýyk döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurlygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.
Milli bilim ulgamy ähli ösüşlerimiziň binýady hökmünde hemişe kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Bilim syýasatyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar. Bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere çykýar. Bilim ýaşlar syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ösüşiň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Bu nurana geljegimiziň ygtybarly kepilidir.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy
“Türkmenistan” gazeti
17.02.2023 ý