Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde, eziz Diýarymyz ösüşleriň bedew bady bilen öňe barýar. Şol ösüş-özgerişleriň ähmiýetini wagyz etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty baradaky her bir çuň manyly çykyşlaryndan gelip çykýan döwlet bähbitli, ykbal kesgitleýji wezipeleri, belent maksatlary durmuşa ornaşdyrmak, olaryň many-mazmunyny, taryhy ähmiýetini ilat köpçüligine ýetirmek maksady bilen, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti we onuň ilkinji partiýa guramalary netijeli işleri alyp barýar. TDP-niň şäher komiteti ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň hem-de komitetiň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýörite okuw maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde partiýa agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. TDP-niň şäher komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerini, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. «Batly gadamlar bilen öňe barýar Watanym», «Sagdyn jemgyýet — rowaçlyklaryň gözbaşy», «Arkadagyň eserleri — göwünleriň guwanjy», «Bagtyýar zamanda sporty söýeliň!» ýaly şygarlar bilen geçirilýän aýdym-sazly dabaraly maslahatlara, sport ýaryşlaryna bagtyýar raýatlarymyz, ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.
Häzirki wagtda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň 188 sany ilkinji partiýa guramalary hereket edip, olarda 5500-den gowrak agza hasapda durýar. Ýylyň-ýylyna partiýa hatarlaryna girmek isleýän ýaş, gujur-gaýratly, ata Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly adamlaryň sany barha artýar. Partiýa hataryny ösdürmekde, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda, zähmet toparlarynda täze partiýa düzümlerini döretmekde gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary milli demokratiýamyzyň dabaralanmasyny aýdyň görkezjek möhüm ähmiýetli syýasy çäredir. Biziň partiýamyz saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki günlerde TDP-niň şäher komiteti tarapyndan dalaşgärleri, saýlawlaryň geçişine syn berjek milli synçylary hödürlemek işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşyny ösdürmek bilen baglanyşykly syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli geçirmek bilen, partiýa işini kämilleşdirmek, täze iş usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly ähli tagallalary etjekdigimize ynandyrýarys.
Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
23.02.2023 ý