Gadymy Ahalda müdimi döwletlilik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz gün-günden ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Ahal welaýatynyň agzybir, ruhubelent ilatynyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyran beýik işleri ýurdumyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşandy boldy.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyndan habar berýär.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň Ahal welaýatynda medeni we durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi açylyp, halkyň hyzmatyna hödürlenildi. Täze — 2022—2023-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde 600 orunlyk ýöriteleşdirilen orta mekdebiň, Gökdepe etrabynyň merkezinde hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde 320 orunlyk täze döwrebap çagalar baglarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Arkadagly Serdarymyzyň körpe nesillerimize baýramçylyk sowgady boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 2 sany 4 gatly 64 öýli, 2 sany 4 gatly 48 öýli, etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde 6 sany 4 gatly 48 öýli ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerinde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň durkuny düýpli täzelemek işleriniň II tapgyry ýerine ýetirildi we halkyň hyzmatyna hödürlenildi. Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 kub metr bolan lagym suw arassalaýjy desgasynyň açylmagy welaýatymyzyň agzybir halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Bu desga suwaryş işlerini kämilleşdirmekde, geljekde Ahal topragynda ekinlerden bol hasyl öndürmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Arkadag şäheri baý taryhly, tämiz howaly, gözel tebigatly ýerde ýerleşmek bilen, özboluşly sungat eserini ýadyňa salýar. Bu ýerler gadym döwürlerden bäri iň meşhur bedewleriň dörän ýerleri. Dürli ugurlardan meşhur şahsyýetleriň kemala gelen ýerleri. Gadymyýetden bäri rysgallylygy, datly miweleri, goşa tarly dutary, türkmen halysy, saryja goýny we alabaý iti bilen tanalan ýerleridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu mekana ýene-de täze durmuş dolandy. Şäheriň ikinji tapgyryndaky guruljak binalaryň gurluşygyna badalga berilmegi şähergurluşyk işleriniň sazlaşykly, ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyndan habar berýär. Onuň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz: «Men şuňa halkymyň maňa bildiren ýokary ynamy diýip düşünýärin hem-de öz minnetdarlygymy bildirýärin. Halkymyň ynamy meniň üçin ähli zatdan ýokarydyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär. Men mähriban halkymyň ynamyny ödejekdigimi, berkarar döwletimizi ösdürmek, ilatymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda gujur-gaýratymy gaýgyrmajakdygymy nygtamak isleýärin» diýip, minnetdarlygyny beýan etdi.

Häzirki günlerde Ahal welaýatynyň agzybir ilaty bu ajaýyp Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagyna uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli gözegçiligi esasynda gysga döwrüň içinde bina bolýan, sebitde ilkinji «Akylly» şäher eziz Diýarymyzyň göwher gaşyna öwrülip, halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy.

Halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşatmak ugrunda beýik maksatly işleri amala aşyrýan, mähriban Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, halk we döwlet ähmiýetli syýasatyny durmuşa geçirmäge goşant goşmak ugrunda arman-ýadaman zähmet çekeris. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Resul Işangulyýew, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

28.02.2023 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -