Halkyň hyzmatynda

Ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda öňe tutulýan meseleleriň biri bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabatdadyr sebitlerimizde halkymyzyň häzirki zamanyň eşretini görüp ýaşamagy üçin uly işler edilýär. Hormatly Prezidentimizdir Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde şäherimiziň ýollaryndadyr şaýollarynda ýene-de täze taksiler peýda boldy. Indi ençeme wagtdan bäri şeýle taksiler yzygiderli satyn alnyp gelinýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde, mähriban zenanlarymyzyň 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda täze ýeňil awtoulaglar halka hyzmat edip başlady.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zenanlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň ýene-de 530-sy satyn alyndy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar. Munuň özi halkymyza edilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyryp, medeniýetli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän täze ulaglar gije-gündiziň dowamynda halkyň hyzmatynda bolar. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem «Toyota Corolla», «Hyundai Elantra» kysymly döwrebap taksi awtoulaglarynyň gelip gowuşdy.

Ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzy bildirýäris. Janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Roza Rahymowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri

“Watan” gazeti

04.03.2023 ý

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti -