Öňem bir akyldardan «Dünýä nirden başlanýar» diýip soranlarynda akyldar: «Dünýä eneden (enäniň gujagyndan) başlanýar» diýip jogap beripdir. Dogrudan-da, her bir çaga doglanyndan, ilki bilen, enäniň gujagyna berilýär, enesini görýär, ak süýdüni emip, mährem hüwdüsine maýyl bolup, ýatýar. Enesiniň söýgüsinden kemal tapyp ösýär, ulalýar. Ene söýgüsinden kemal tapan çagalar bu ajaýyp dünýä bilen kem-kemden tanşyp, ile goşulyp gidýär.
Ýaşaýşyň gönezligi bolan eneler mydama çagalarynyň ilhalar, zähmetsöýer, gowy adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Eneler hemişe, hemme wagt, çagalaryna öwüt-nesihat berýär, olara älem gowulyklaryny arzuw edýär. Eneleriň öwüt-nesihatlary, päk arzuwlary, doga-dilegleri bizi durmuşyň päk ýoluna atarýar. Durmuş ýolumyzda ýagty şamçyrag bolup durýar. Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy, balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Ynsan üçin ene hüwdüsi, ene söýgüsi iň beýik mukaddeslik hasap edilýär. Enäniň ýüzünde dünýäniň nury, sözünde dünýäniň düri, bakyşynda dünýäniň mähir-muhabbeti, ýüreginde bolsa dünýä ýaly giň we müdimi söýgi bar. Şahyr ony şygrynda:
Nä gazanan bolsam seniň bilendir,
Saňa bagly beýikligim, pesligim.
Bir söz diýmekligiň wagty gelendir:
«Sen Alladan soňky mukaddesligim»
— diýip beýan edýär.
Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynda örän gadymy döwürlerden bäri ýörelgä öwrülendigi hemmämize mälimdir. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulmagy, her ýyl Halkara zenanlar gününe gabatlap, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, özleriniň halal zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşýan, nesil terbiýesinde işjeňlik görkezýän mähribanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we olary döwre mynasyp terbiýeläp ýetişdirýän käbelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan belent hormat-sarpasyndan nyşandyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň çäklerinde Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlarynyň ençemesi ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolarlar.
Enelerimize ýokary derejede hormat goýýandygy üçin etrabymyzyň ähli zenanlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Eneleri mukaddeslige deňäp, abraý-mertebesini Arşa göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Ähli gowy gylyk häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-gününe, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetli, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, süýji sözli zenanlarymyzy, dilleri senaly mährem enelerimizi, ýaz gülleri ýaly owadan uýalarymyzy baharyň ilkinji baýramy — Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, zenanlarymyzyň güler ýüzleri solmasyn, olar hemişe bahar bägülleri ýaly owadan hem mähriban bolsun!
Maýsa Çaryýewa, TDP-niň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni
“Watan” gazeti
07.03.2023 ý