Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şu şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna welaýatymyzyň bagtyýar zenanlarynyň 40-sy mynasyp boldy.
Edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, medeniýet, bilim ojaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň, ýaş gelin-gyzlaryň, şeýle-de mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan dabarada buýsançly ýüreklerden çykýan gutlag çykyşlara aýratyn orun berildi. Çykyş edenler berkarar Watanymyzda zenanlaryň zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi we eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek babatdaky tagallalar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Bagtdan nesibeli eneler özlerine goýulýan çäksiz sylag-sarpa, berilýän goldaw-hemaýatlar, durmuş ýeňillikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen döredijilik çykyşlary mährem enelere, gelin-gyzlara medeniýet we sungat ussatlarynyň sungat sowgady boldy. Joşgunly çykyşlarda bagtyýar döwrümizde üns-alada bilen gurşalan zenanlarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy.
Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri
08.03.2023 ý
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti