Her bir güni taryhy wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligi, jebisligi ýaran edinip, halal zähmetden rysgal-bereket tapmagyň nusgasyny görkezýän halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň röwşen ertirlerde dowamat-dowam boljakdygynyň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salan beýik işlerini täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylynda — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň, ähli ugurlarda gazanylan uly ösüşleriň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.
Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depginleri saklanan geçen ýylda 4 müň sany täze iş orunlarynyň döredilmegi, 76 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi we beýleki belent sepgitler halk hakyndaky aladanyň bimöçberdiginiň güwäsi bolup durýar. Elbetde, ähli ulgamlarda, içeri we daşary syýasatda gazanylan uly üstünlikleriň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da dowamat-dowam bolýandygy her bir türkmenistanlynyň kalbyny buýsanja besleýän ýagdaýdyr. Ýurdumyzda ýaşlara ägirt uly ynam bildirilýändigi şygaryndan hem mälim bolan üstümizdäki ýylyň 10-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çuň mazmunly çykyşynda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar. Munuň özi döwletimiziň ähli ugurlar babatda ösüş depgininiň ýylba-ýyldan has uly sepgitleri nazarlaýandygynyň, şonuň esasynda-da, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem has-da gowulanmagy babatda döwletimiz tarapyndan ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň kepili bolup durýar. Watanymyzda gazanylýan ösüşlere bolsa her bir raýat öz goşandyny goşmalydyr.
Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da beýgelmegi üçin nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun!
Berdimyrat Nyýazdurdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
23.03.2023 ý