Döwür galkynyşly, göwün ganatly

Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler döwletimizi dünýä ýaň salýan uly ösüşlere besleýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna itergi berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary sepgitleriň gazanylmagy türkmen döwletiniň dünýädäki mertebesini ýokary galdyrýar.

20-nji aprelde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka hökmünde öçmejek yz goýdy. Bu taryhy mejlisde kesgitlenilen il-ýurt bähbitli wezipeler, kabul edilen iňňän oýlanyşykly çözgütler ulus-ilimiziň arasynda uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Gahryman Arkadagymyz taryhy mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşynda döwlet häkimiýet, dolandyryş edaralarynyň işiniň mundan beýläk hem il-gün bähbitli tagallalarda jemlenip, ýurdumyzyň iň bagtyýar we ruhubelent adamlaryň ýaşaýan, ykdysady taýdan kuwwatly, hukuk taýdan berk binýatly döwlet bolmagyna gönükdiriljekdigini aýratyn nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň amal edilýän häzirki döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň Berkarar Watanymyzda başy tutulan döwletli işlere, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere işjeň gatnaşmalydyklaryny, başarjaňlygy bilen asylly görelde görkezmelidiklerini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzda ýakyn geljekde we uzakmöhletleýin döwürde halkyň bähbitlerini nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz ata-baba dowam edip gelýän adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak, döretmek ýörelgelerine eýerip, ata Watanymyzyň berkararlygyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaş nesliň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda hossarlyk alada edýär. Asylly maksada gönükdirilen bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebe. Hormatly Arkadagymyzyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekilleri, il içinde uly abraýdan, sylag-hormatdan peýdalanýan ildeşlerimiz bilen halk köpçüliginiň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky sargytlary biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar.

Biz öz öňümizde goýlan wezipelere doly we dogry düşünip, ata Watanymyzyň berkararlygy, il-günümiziň abadançylygy ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bildiren belent ynamyny mynasyp zähmetimiz, görüm-göreldämiz bilen ödejekdigimize ynandyrýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

27.04.2023 ý

 

TDP-niň Lebap welaýat komiteti -