Özgertmeler — üstünliklere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan beýik işler barha rowaçlanýar. Ildeşlerimiz ata Watanymyzyň kuwwatlanmagyna, mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işlere goşant goşmagy özleriniň raýatlyk borjy hasaplaýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alýan giň gerimli maksatnamalary, asylly başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler döwlet berkararlygymyzy berkidýän, halkymyzyň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän belent ösüşleriň özboluşly badalgasydyr.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini berkidýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy 30 ýyllyk döwürde özgertmegiň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň sanly ulgama geçmegi, döwrebap ösüşleri gazanmagy esasy wezipe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda öndürijilikli işler alnyp barylýar, täze maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa öňde durýan wezipeleriň näderejede ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işler amal edilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, eşretli ýaşamagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri guwandyryjy hakykatdyr. Bu aýdyň netijeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar.

Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ylym-bilim ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem ylym-bilim biziň ähli rowaçlyklarymyzyň özenidir, bagtyýar durmuşymyzyň hem-de aýdyň geljegimiziň kepilidir. Täze döwürde bu ulgamda has belent derejelere ýetilmegi, ýaşlaryň bilim babatda öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly açyp hem-de ulanyp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň saglygy goraýyş we sport ulgamlary bilen bir hatarda, ylym-bilimiň ösüşiniň hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriljekdigini belläp: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýar. Ähli pudaklara, şol sanda ylym-bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen, ulgamy ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, iri senagat toplumlarynyň gurluşygyna giňden badalga bermek bilen, Garaşsyz Diýarymyzyň keşbini döwrebap özgertmek arkaly ägirt uly güýje eýe bolan ykdysady kuwwatyny hem ýokarlandyrýar. Eziz Watanymyzyň şeýle kuwwatly ösüşiniň gerimini has giňeltmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipesi-de möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň netijesinde bolsa häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we ugurlarynda sanly ulgama geçmek ýokary depginde amala aşyrylýar.

Bu günki gün ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli her bir tutumyny tüýs ýürekden goldaýar we olary üstünlikli durmuşa geçirmäge uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Öz halkynyň öňündäki borjuny raýatlaryň abadan hem parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda we berkarar döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde görýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Türkmen halkynyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Şirinjemal Otuzowa, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni

“Daşoguz habarlary” gazeti

18.08.2022 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Gubadag etrap komiteti