Işjeňlik ýagdaýynda geçýär

Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda möhüm möwsüm bolan hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. Hasabat-saýlaw ýygnaklary TDP-niňBoldumsaz etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem ýokary guramaçylyga eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň ösüşlere beslenýän döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ilkinji guramalaryň alyp baran işleri baradaky hasabatlary diňlenilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan wezipeler barada pikir alşylýar. Hasabat-saýlaw ýygnaklarymyz bedew batly ösüşlerimize buýsanjyň, bolelin, asuda, parahat, eşretli durmuşyň, sagdyn jemgyýete guwanjyň ruhunda geçirilýän syýasy çärelere öwrüldi. Ýörite düzülen meýilnama esasynda geçirilýän ýygnaklarda partiýanyň işjeň agzalaryna Hormat hatlary, höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar. Şeýle hem TDP-niň agzalygyna mynasyp adamlar kabul edilip, olara agzalyk şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Etrabyň köp sanly orta mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, etrap hassahanasynyň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň etrap şahamçasynyň ilkinji guramalarynda geçirilen hasabat-saýlaw ýygnaklary işjeň häsiýete eýe boldy. Ýygnaklaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer işleriniň, amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň ähmiýeti hakynda buýsançly gürrüň edildi. Täze döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem ilkinji partiýa guramalaryň ýolbaşçy düzümleri saýlanyldy. Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

27.04.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti