Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy we ahlak gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň eýe bolan ösüşiniň belent sepgitlerini dünýä ýaýýan baýramdyr. Her ýyl agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýän şanly sene Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Konstitusiýamyza laýyklykda, ösen dünýä tejribesi we milli ýol-ýörelgämiz esasynda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar adamlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, her bir raýatyň eziz Watanymyzyň rowaçlygy we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda döredijilikli zähmet çekmegine, abadan ýaşaýşa gönükdirilen aýdyň wezipeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna şertleri döredýär.
Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňeýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzda parahatçylygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaşyl Tugumyz halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Ol Watanymyzyň, topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny alamatlandyrýar.
Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz mukaddes gymmatlyklarymyzdyr.
Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
11.05.2023 ý