Sportdaky belent sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Serdarymyz ilatymyzyň saglygynyň goralmagyna, sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegine, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty  ösdürmeklige hemişe aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan döwrebap sport desgalary — bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerleri. Şol desgalarda çagalygyndan sport bilen meşgullanan türgenlerimiziň halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hemmämizi begendirýär, guwandyrýar. Olaryň daşary ýurtlarda geçirilýän iri ýaryşlarda altyn, kümüş, bürünç medallary gazanmaklary we eziz Diýarymyzyň mukaddes Baýdagyny belende götermekleri her bir türkmenistanlynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny artdyrýar.

Biz hem bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýen şygar astynda ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak we olaryň sporta bolan höweslerini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Şeýle-de «Saglygym — baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çärelerini hem yzygiderli geçirip durýarys. Şol çärelerde sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy baradaky arzuw-dilegler öwran-öwran aýdylýar.

Şamyrat Akmämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

11.05.2023 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti