Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary: ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, milli hem umumy bähbitleriň sazlaşygy esasynda guralýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, sebitde we tutuş dünýäde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Maslahatda çykyş edenler bu forumyň esasy maksadynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag we onuň bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda ýeten sepgitlerini seljermek bilen, häzirki döwürde pandemiýa netijesinde emele gelen kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça alnyp barylmaly işlere bagyşlanandygyny bellediler. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan bu halkara maslahata 40-a golaý döwletiň we 30-dan gowrak halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynyň ýurdumyzyň ählumumy ösüşe diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ugurdaky halkara meseleleriň çözgüdi babatda-da möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Forumda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň jogapkär wekilleriniň we beýleki köp sanly wekilleriň onlaýn arkaly gatnaşyp, wajyp meseleler barada çykyş etmekleriniň bu halkara çäräniň netijeli geçmegine, köp meseleler babatda möhüm çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berendigi çykyşlarda nygtaldy.
Forumyň Jemleýji Beýannamasynda pandemiýadan soňky döwürde ulag ulgamyny döwrebap ösdürmek, bu ugurdaky halkara resminamalary ýerine ýetirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly meseleler öz beýanyny tapdy diýlip, çykyşlarda aýdyldy. Bu forumyň netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçendigini maslahata gatnaşyjylar aýratyn guwanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Bezirgen Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri
“Türkmenistan” gazeti
19.08.2022 ý