Watan baýdagy — Döwlet mertebesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyz türkmeniň döwletlilik barada köpasyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagydyr, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň esaslarynyň mizemezliginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Jemgyýetiň, döwletiň özygtyýarlylygy hakyndaky amala aşyrýan köpasyrlyk arzuwyny, onuň gazananlaryny we öňünde durýan wezipelerini sazlaşykly beýan edýän ýaşyl Tugumyz 1992-nji ýylda döredilip, onuň baýramçylygy şanly sene hökmünde  bellenilip gelinýär. 1995-nji ýylda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, Döwlet baýdagymyzy halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini alamatlandyrýan zeýtun agajynyň goşa pudagy hemişelik bezedi.

Döwletimiziň milli gymmatlyklarynyň şanly senelerinde, täze desgalaryň düýbi tutulanda, beýik işlere badalga berlende, halkara sport ýaryşlarynda we başga-da köp sanly buýsançly dabaralarda Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl Baýdagymyzyň al-asmana galdyrylmagynda hem uly many bar. Ol türkmeniň beýik özgertmelerini äleme buşlaýar, halkymyzyň mizemez agzybirligini hem jebisligini alamatlandyrýar. Döwlet baýdagymyzyň BMG-niň binasynyň öňünde dünýä bileleşigine agza döwletleriň baýdaklarynyň arasynda buýsanç bilen parlap durmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň hakykatydyr.

Paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrundaky 133 metr belent sütünde uly buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyzyň 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmeniň şöhratly ösüşine beýik hormatyň nyşanydyr. Döwlet baýdagymyzyň baýramynyň Esasy Kanunymyzyň kabul edilen güni bilen utgaşykly bellenilmegi, goşa mukaddeslik hökmünde bir senede giňden baýram edilmegi halkymyzyň, döwletimiziň goşa bagtynyň gol ýaýradyp dowamata, ýagty geljege rowan bolýandygynyň buýsançly beýanydyr.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

18.05.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti