Kämilligiň nusgasy

Bagtyýar günlerimize bagtyň nuruny çaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz berk binýatly maksatnamalaryň esasynda gysga döwrüň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täzeden-täze obalar, şäherler, häzirki zamanyň ýokary tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp binalar senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulan ýurdumyzyň şu gününiň, parlak geljeginiň düýpli esasyny düzýär.

Ýurdumyzyň düýpli özgerdilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň ajaýyp künjeginde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bilen döwrebap şäher peýda boldy. Arkadag şäheriniň «akylly» şäher adyny almagy ýöne ýerden däldir. Çünki bu şäherdäki ähli binadyr desgalar ýokary tehniki enjamlar bilen üpjün edilen. Bu bolsa ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna şert döredýär. Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärligiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly binadyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp baryldy.

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan şäheriň birinji tapgyrynyň kemala gelmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi, onuň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna, şeýle hem bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly itergi berdi.

Arkadag şäheri ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde tebigy gözelligi gorap saklamak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bu konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan döredijilikli pikirleriniň miwesi bolan Arkadag şäheri bagtyň, ak arzuwlaryň şäheri bolar. Biz muňa tüýs ýürekden ynanýarys. Bagtyýar günleriň gujagynda, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merdan Dosmedow, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

08.07.2023 ý

TDP-niň Lebap welaýat komiteti -