Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalardan, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerden ruhlanýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýär. Garaşsyzlyk ýyllary halkymyzyň şöhratly taryhyna ösüşiň belent sepgitlerine eýe bolan döwür hökmünde täze sahypalary ýazdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar we geljekki röwşen durmuşy ugrunda edýän tagallalary bimöçberdir. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany has-da kuwwatly döwlete öwürýär. Bu babatda berkarar Watanymyzyň asylly syýasaty halkymyzyň arzuw-islegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly pederlerimiziň köpasyrlyk tejribesine daýanýar. Bu günki gün dünýä ýüzünde Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň durnukly ösýän döwletleriň hataryna girendigini aýtmak buýsandyryjydyr. Şol ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda ýurdumyzda «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda» Jarnama kabul edildi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň buşlukçysy bolan bu Jarnama ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleriniň wysaly bolan Garaşsyzlyga tarap ilkinji ädim boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan biragyzdan BMG-niň deňhukukly agzalygyna saýlanyldy. Şol döwürden bäri türkmen döwleti halkara gatnaşyklarda özüniň ornuny has-da berkidip, umumadamzat ähmiýetli ençeme başlangyçlary bilen uly hormata eýe boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet hökmünde dünýäde tanaldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ikinji gezek ykrar edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu waka döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň näderejede belentdigini ýene bir gezek äşgär etdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýene bir hoş habaryň gelip gowuşandygy halkymyza ýetirildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda döwletimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy Watanymyzda sebit we ählumumy parahatçylygyň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk syýasy-hukuk gurallaryny döretmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Garaşsyz döwlet — dünýä birleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistan öz daşary syýasatyny özbaşdak düzýär we durmuşa geçirýär. Bu Kanun türkmen halkynyň özygtyýarlylygyny we milli döwletliligini hukuk taýdan berkitdi. Şonuň ýaly-da Kanunda Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň eýesiniň halkdygy, halkyň öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň, wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy görkezilendir. Şeýle hem ýurduň bütin çäginde onuň öz Esasy Kanunynyň, kanunlaryň agalyk edýändigi bellenendir, döwlet we onuň raýatlary üçin möhüm kadalary, adalatly ýörelgeleri kesgitlenendir. Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda barha güýçli depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän demokratiýa, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgeleri onuň hakykat ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ösüşiň täze, has ýokary derejesi bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halk häkimiýetini berkarar etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, halkara derejesinde uly goldawa, makullanma eýe bolýan başlangyçlaryň ähmiýetini, many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmegi, halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmagy köpugurly işiniň esasy ýörelgeleriniň biri hasaplaýar.
Bagtyýar durmuşda ýaşaýan, döredýän, gurýan agzybir halkymyz, işjeň partiýa agzalarymyz döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny we ornuny has-da ýokarlandyrýan beýik başlangyçlaryna, öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasy paýhasyna, ynsanperwerlik ýörelgelerine guwanýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyza buýsanýan halkymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwrülen Türkmenistanda parahatçylykda we asudalykda ýaşamak, gurmak we döretmek bagtynyň miýesser edendigi üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalary we işjeň agzalary eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýerlerde dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýärler. Olarda ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy we Arkadagly Serdarymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, welaýat, şäher, etrap komitetleri geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaýbaňlandyran giň gerimli özgertmeleriniň, il-ýurt we halkara bähbitli başlangyçlarynyň ähmiýetini, many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirip, ata Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna agzybirlikde zähmet çekerler.
Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary
“Watan” gazeti
23.08.2022 ý