Bagtyýar zamananyň röwşenligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygara laýyklykda, ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalardyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylmy esaslara daýanylyp, ýokary netijeler gazanylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem sebitleri mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde täze gurlan we gurulýan obalar, şäherçelerdir şäherler, edara binalary, medeniýet we saglygy goraýyş maksatly desgalar, dynç alyş zolaklary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar tutuş jemgyýetimizde ösüşlere tarap ynamly gadam urmak duýgularyny kemala getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty döwlet syýasatynyň baş ugurlaryna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň mekanyna öwrüldi. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri kemala geldi.

Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň döredilenine uzak wagt geçmedigem bolsa, onuň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän ynsanperwer işler howandarlyga, goldawa mätäç nijeme çaganyň ömrüne ýaşaýyş nuruny çaýdy. 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi. Täze kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar. Bu neşir arkaly ýaş nesliň abadançylygy baradaky aladanyň döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ileri tutýan wezipesi bolup durýandygyna aýdyň göz ýetirip bolýar. Watandaşlarymyzyň her biriniň kalby Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bolan buýsançdan we alkyşlardan doly.

Resul Işangulyýew, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

15.07.2023 ý

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -