Rowaçlyga beslenýän ulgam

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä aýratyn üns berlip, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty wagyz etmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem bu ugurdaky tagallalar öz beýanyny tapýar. Agzalan Kanun ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Bu Kanunyň üstünlikli hereket etmegi, şeýle-de ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy netijesinde Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär, ýurdumyzyň halkara sport abraýy belende göterilýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmekde, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmekde, şeýle-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda agzalan Maksatnamanyň çäginde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Bu gün ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde hereket edýän sport desgalarynda sportuň ähli görnüşleri boýunça türgenleşmäge, taplanmaga we olarda dürli ýaryşlary geçirmäge ýokary derejedäki şertler bar. Sport mekdeplerdir toplumlaryň, köpugurly stadionlaryň amatly şertlerinden we mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ýaşlaryň sany az däl. Türgenlerimiziň milli we halkara derejelerdäki sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bu hakykata aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar Watanymyzyň ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýan spartakiadanyň ýylyň-ýylyna geçirilmegi, şeýle-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň yzygiderli guralmagy örän guwandyrýar. Çünki şeýle çäreleriň beden hem-de ruhy taýdan kämil nesli ýetişdirmekdäki ähmiýeti biçak uludyr. Galyberse-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän sport mekdepleriniň birinjilikleriniň, etrap, şäher, welaýat birinjilikleriniň ýaş türgenleri ýüze çykarmakda, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda we olary iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmäge ruhlandyrmakda ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemelidiris.

Nesip bolsa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda dürli derejeli sport ýaryşlary, şol sanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türgenlerimiziň ak mermerli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny gorajakdygyna ynanýarys. Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

23.08.2023 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -