Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

Bu günki gün merdana halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, özüniň Türkmenistan atly berkarar döwletini gaýtadan gurdy. Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy. Garaşsyz döwlet — diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslar nygtalýar. 32 ýyl mundan ozal türkmen halky syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan oňaýly milli Garaşsyzlyga tarap ilkinji ädimini ätdi.

Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Şahyryň:

«Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet istärin»

diýen parasatly setirleri türkmen halkyny birleşdirmek, berkarar döwletli bolmak, geljekki nesillerimiziň bagtly durmuşda erkin ýaşamak baradaky arzuw-islegleriniň Garaşsyz döwletimizde amala aşandygy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty netijesinde täze belentliklere beslenýändiginde aýdyň görünýär.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygynyň we ýurdumyzyň berkararlygynyň iň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýdyňlygy bilen tanatdy. Bu döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir raýatyň halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgelerinden ugur alyndy. Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň syýasy hem ykdysady, ruhy binýatlary kemala geldi.

Mälim bolşy ýaly, döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň dowamydyr. Döwletimiziň içeri syýasaty milli Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bolsa, daşary syýasaty bu asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döremegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimiziň daşary syýasy we ykdysady strategiýasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitaraplygyň we parahatçylygyň, türkmen döwletliliginiň milli nusgasyny dünýä ykrar etdirip, daşary syýasatda, ozaly bilen, milli hem-de ählumumy bähbitleri üçin amatly halkara şertleri üpjün etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak babatda, energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ekologiýa we medeni-ynsanperwer gymmatlyklaryň ösdürilmegi ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny esasy ölçeg hökmünde ileri tutýan, halkara borçnamalaryna ygrarly hem ygtybarly döwlet bolup, häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň agzasy bolup, olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet gurmak tejribesine esaslanýan ýurdumyzyň milli ösüş nusgasy döwletimiziň taryhy-geografik aýratynlyklary, milli gymmatlyklary, giň gerimli halkara gatnaşyklary bilen sazlaşykly utgaşýar. Çünki Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy beslän arzuw-umytlarynyň durmuşda amal edilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde halkymyz Garaşsyzlygyň miweleriniň hözirini görýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler ýurdumyzyň döwrebap ösüşinde, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, milli ylym-bilim ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde, ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, milli mirasymyzyň sarpalanmagynda we baýlaşdyrylmagynda aýdyň şöhlelenýär.

Türkmeniň milli Garaşsyzlyk toýunyň aýratyn uly dabara beslenmeginiň özboluşly manysy bar. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, kanunyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu goşa gymmatlygy bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçer. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Merdan Dosmedow, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Watan” gazeti

26.08.2023 ý

TDP-niň Lebap welaýat komiteti -