Activities calendar

10 June 2021

ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR EZIZ DIÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanýar. Ýurdymyzyň ösüşinde häzirki döwre  innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýmek bolar. ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025 nji ýyllarda durmuş-ykdysady  taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen,ýurdymyz ösüşiň we rowaçlygyň täze tapgyryna  gadam goýdy.

GALLA ORAGY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

 Hormatly Prezidentimiz meýdanlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga girişmäge ak pata berdi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem il sylagly ýaşulularyň, gallaçy kärendeçileriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda, ýylyň galla oragyna uly ruhubelentlik bilen girişildi.