Activities calendar

06 July 2021

ŞATLYKLY GÜNLER

Bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Boş wagtyny peýdaly güýmenjä sarp edýän, milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz bilen gyzyklanýan, tebigatyň we etrap-kentlerimiziň gözel ýerlerine köpçülikleýin gezelenje çykýan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň sanynyň gün saýyn artýandygy guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.