Activities calendar

19 July 2021

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYÇLARY – TARYHY DÖWRÜŇ BELENT SEPGITLERI” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda  “Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary – taryhy döwrüň belent sepgitleri” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.